Sepleriň elýeterliligi

Hytaýdaky sergä Türkmenistan hem gatnaşar


Şu gün Hytaýyň Şanhaý şäherinde “Expo-2010” atly halkara sergisi öz işine başlady.

Oktýabr aýyna çenli dowam etjek bu sergä dünýaniň 200 töweregi ýurdunyň we halkara guramalarynyň gatnaşjakdyklary habar berilýär.

“Gowy şäherde gowy ýaşaýyş” şygary astynda geçirilýan bu halkara sergisine 70 milliona golaý adamyň barjakdygy çaklanylýar.

18 million ýaşaýjysy bolan Şanhaý şäheri dünýaniň iň iri 10 şäheriniň biri bolup durýar.

Bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň, Orsýetiň prezidentleriniň Şanhaýa baranlyklary habar berildi.

Prežident G.Berdimuhamedowyň Hytaýa edýän häzirki saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem “Expo-2010” sergisine gatnaçjakdygyny türkmen metbugaty habar berýär.
XS
SM
MD
LG