Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Totalizatorlaryň mähellesi egsilenok


Her hepdäniň anna, şenbe hem-de ýekşenbe günleri paýtagtyň merkezinde ýerleşýän «Grand» otelindäki bukmeker kontorasynyň mähellesi şeýle bir artýar welin, ol ýerde üýn alşar ýaly bolanok.

Hepdäniň bu günlerinde Ýewropanyň futbol çempionatlarynyň ählisinde diýen ýaly, nobatdaky tapgyryň oýunlary geçirilýär. Şonuň üçin göçgünli jedeli halaýan paýtagtlylar bukmeker kontorasyna gelip, futbol oýunlaryna pul goýýarlar.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, humarly oýunlar oýnalýan kazinolar hem bu ýurda getirildi. Häzir paýtagtdaky myhmanhanalaryň tas ählisinde diýen ýaly kazinolar bar. Myhmanhanalardan başga, paýtagtyň merkezi ýerlerinde-de kiçiräk kazinolar hereket edýär. Olaryň eýeleriniň köpüsi türkler. Bu kazinolara barýanlaryň aglaba bölegi daşary ýurtlular. Paýtagtyň ýaşaýjylary, esasan, bukmeker kantoralaryna ürç edip gatnaýarlar.

"Grand" oteli
Kazino Türkmenistana has ir gelen-de bolsa, bukmeker kontorasy ilkinji gezek 2005-nji ýylda açyldy. Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Grand» otelinde açylan bukmeker kontorasynda ilkibaşda ýekeje kassa işlän bolsa, häzir onda dört sany kassa bar. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň arasynda jedelli oýunlar bilen gyzyklanýanlaryň artmagy bilen «Grand» otelinde humarly oýunlary kontrol edýänler bukmeker kontorasyny «Ak altyn» otelinde hem açdylar.

Bukmeker kontoralary dünýäniň köp döwletlerinde bar. Ol ýurtlaryň totalizatorlarynda sportuň dürli ýaryşlaryna, ýagny futboldan başlap, tennisdir golf oýunlaryna, at çapyşyklarydyr itleriň ýaryşlaryna çenli pul goýup bolýar. Ýöne Aşgabatdaky bar bolan totalizatorlarda diňe futbol oýunlaryna pul goýulýar.

Türkmenistanyň milli çempionatynda geçirilýän oýunlar hem bu ýerdäki jedelli oýunlara goşulmaýar. Emma her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşlary welin jedelli oýunlaryň sanawyna girizilýär.

Bukmeker kontoralarynda iň az pul goýumy 5 manat, iň köp pul goýumy bolsa 500 manat. Özi hem bir çekde pesinden iki futbol komandasyna pul goýulmaly. Şeýle hem bir çekde 12-den artyk komanda pul goýmak bolmaýar. Utuş gazanan puluň bolsa, 10 göterimi salgyt üçin tutulyp alynýar.

Paýtagtdaky totalizatorlar humarly oýunlara höwes bildirýän her bir kişini özüne çekýär. Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlara duş gelmek bolýar. Ýaş oglanlardan başlap, ýaşy altmyşa ser uranlara çenliler aňsat puluň yşgyna düşüp, bu ýere gelýärler. Ýöne aňsatjak pul her kime ýetdiribem duranok. Bu ýerde utuş gazanýanlardan utulýanlar köp.

Lotereýadan tapawutly

Humarly oýunlaryň içinde bukmeker oýunlary iň bir adalatly oýun hasaplanylýar. Onda hiç hili kezzapçylyk bolmaýar. Oýna pul goýýan adam futbol toparlaryny tanaýşyna görä utuş gazanýar. Dogrusy, bu lotoreýa oýnundan hem adalatly. Lotereýa garanyňda bu ýerde öz oý-pikiriňe daýanylýar.

Bukmeker kontorasynyň düzgünnamasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna ýetmedikler bu ýere goýberilmeýärler. Ýöne, muňa garamazdan, ulular ýaly pul goýup görmek isleýän heniz on sekiz ýaşamadyk ýetginjekleriň gapynyň agzynda durup, tanyşlaryna öz çeklerini kassa tabşyryp bermegi haýyş edýänlere duşmak bolýar.

Totalizatorlara gelýänleriň aglaba bölegi minimal pul goýýarlar. Olaryň goýýan puly, köplenç 5-10 manat aralygynda bolýar. Emma bu humarly oýunda özüni tejribeli saýýanlar 100 manatdan 500 manada çenli hem pul goýýarlar.

Bukmeker kontorasynyň özboluşly rekordsmenleri hem bar. Iň bir minimal goýum bilen maksimal utuş gazanýan oýunçylar bu ýere gelýänleriň esli wagtlap dilinden düşürilenok.

2006-njy ýylda on müň manat (täze pulda iki manat) minimal goýum bilen 32 million manat utuş gazanan paýtagtyň ýaşaýjysy häli häzirem gahryman hökmünde ýatlanylýar. Bary-ýogy 10 müň manat bilen 32 million manat gazanan paýtagtlynyň bu utuşy bukmeker kontorasyny saklaýanlaryň diýseň gaharyny getiripdi.

Şol utuşdan soň, olar minimal goýumy 25 müň manada çenli galdyrdylar. Bu bolsa minimal pulda birnäçe wariantlary saýlap, köp stawka edýänleriň sanynyň azalmagyna getirdi.

Ýene az wagtdan futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar. Şeýle uly ýaryşlarda kazinoda göni translýasiýada pul goýumlary edilýär. Ana, şonda gije sagat dörde çenli hem bukmeker kontorasynyň mähellesi egsilmeýär.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG