Sepleriň elýeterliligi

Eýranda gorkulýan “ýer titreme” howpy


Käbir Günbatar ýurtlarda aýal-gyzlaryň ýüzüni-başyny ýapýan dini nikabyň ulanylmagyny gadagan etmek barada diskussiýalaryň dowam edýän bir wagtynda, Eýranyň aýal-gyzlarynyň arasynda modernleşmek tendensiýasy tebigy ýagdaýda kem-kem giň gerim alýana meňzeýär. Eýsem, bu prosese ruhanylar nähili täsir edýärler?

Men Eýranyň dini wekili Hojatoleslam Kazem Sedihiniň “Aýallar sada geýinmeseler, munuň erkek kişini azaşdyryp, hatda ýer titremäniň döremegine-de getirip biljekdigi” baradaky ýazanlaryny okap, kän bir geň galmadym. Gayta, tersine, meni bu pikirler güldürdi. Sebäbi men rewolýusiýadan soňky döwürdäki Eýranda ösüp-ulaldym. Çagakam Sedihiniňki ýaly pikirleri eýran telewideniýesinde, hökümetiň gözegçiligindäki metbugatynda häli-şindi görüp, okap bolýardy.

Rewolýusiýadan soň aýallaryň hökman hijab geýmeli edilendikleri anyk ýadymda galdy. Bize hijabyň, hamana, aýallara öz ahlagyny, päkligini berk saklamaga ýardam edip, olary şeýtandan, jyn-arwahdan goraýandygy wagyz edilýärdi. Olaryň aýdyşyça, hijab geýmek peýdaly. Şeýle egin-eşik geýnen aýallaryň abraýy, ähmiýeti ýokarlanýar diýip öwredilýärdiler.

Çagalykdan ýatda galan zatlar

Çagakam telewideniýede çykyş eden dini wekiliň aýallaryň saçlaryndan özboluşly bir şöhläniň erkek kişileriň gözüne düşüp, olaryň jynsy höwesini oýarýandygy barada gürrüň berendigi ýadymda galdy. Şeýdip, ol näme üçin aýallaryň gaty yssy howada-da hijab geýmelidigini düşündirmäge synanyşypdy.

Ýaşym kiçi bolsa-da, bu gepleşigiň meni gaty geň galdyrandygy hakydamda. “Eger şol şöhleli gürrüň çyn bolaýanda-da, näme üçin men, ejem, doganlarym özlerini “goramaly”. Belki, dindarlar jynsy höwesine gözegçilik edip bilmeýän erkek kişileriň gara äýnek dakynmagyny talap etmelidirler?” diýen sowalyň özümde dörändigi ýadymda.

Başda bu zatlar meniň üçin adalatsyzlyk bolup görünýärdi. Emma soňra bu zatlaryň Eýran rewolýusiýasynyň netijesinde emele gelen hakykatdygyna göz ýetirdim. Ol hakykat bolsa aýallaryň goragsyzdygyna, olaryň gadrynyň bilinmeýändigine şaýatlyk edýärdi.

“Pes derejeli” raýatlar

Yslam dininde aýala goýulýan hormat, edilýän sarpa, Muhammet pygamberiň aýallara hormat goýup, olar barada alada edendigi barada köp gürrüň edilse-de, men aýallaryň eýran jemgyýetinde pes derejeli raýatlar bolup galýandygyna düşündim.

Gowy aýal we gowy ene bolmagyň biziň esasy wezipämizdigi bize çagalykdan wagyz edildi. Biziň okuw kitaplarymyzda erkekler söweşiji hökmünde görkezilip, olar durmuşda ýüze çykýan dürli gyzykly ýagdaýlarda suratlandyrylýardy. Aýal-gyzlar bolsa oýde hijablaryny ütükläp, erkek kişileriň öýe gelerine garaşmaly diýlip, şol kitaplarda ýazylýardy. Elbetde, öý-içeri arassa bolup, ýazylan saçagyň üstünde-de ýaňy bişirilen taýýar nahar bolmaly, öýdäkileriň hemmesi-de erkek kişä güler ýüz bilen bakmaly...

Eýranda hijabyň bize Hudaý tarapyn uly bir peşgeş hökmünde berlendigi, onuň bizi “el degrilmedik merjen” ýaly saklaýandygy häli-şindi aýdylýardy. Ýöne meniň özüm hem, köp joralarym hem şol owadan sözlere ynanmadyk. Biz käbir aýallaryň özleriniň hijab geýmek isleýändiklerini bilip, olaryň bu
islegine hormat goýardyk. Emma bu meselede biz öz ýolumyzy saýlamak isleýärdik.

Eýranda her juma namazynda diýen ýaly Sedihi ýaly dindarlar hijab geýýän aýallary öwüp, arşa çykarýarlar. Bürenjekden boýun gaçyrýan aýallaryň bolsa nälet getirýändigini aýdyp, eýran jemgyýetiniň hemme belalarynyň şol aýallardan gelýändigini tekrarlaýarlar.

Häkimiýetler asgyn geldi

Emma yslam rewolýusiýasyndan soňky geçen 31 ýylyň dowamynda Eýranyň “Rewolýusiýa gwardiýasynyň”, “Basij milisiýasynyň” we polisiýasynyň haýbatlaryna garamazdan, häkimiýetler ýurtda aýallaryň hemmesiniň hijab geýmegini gazanyp bilmediler.

Elbetde, häkimiýetler bu ugurdaky synanyşyklaryny henizem dowam etdirýärler. Emma häkimiýet başyndakylaryň: “Bir juma güni aýallar ýeri titrederler. Soň ýagdaý has hem ýaramazlaşar” diýip takwasyramaklary olaryň gorkularynyň üstüni açýar. Hawa, olar onlarça ýyllardan soň hem aýallara doly gözegçilik edip bilmeýändiklerinden howatyrlanýarlar.

“Häzir eýran uniwersitetlerinde okaýan studentleriň 60 %-i zenanlar. Gitdigiçe has köp aýal-gyzlar özleriniň pes derejeli raýatlar bolmak islemeýändiklerini, öz hak-hukuklary üçin göreşmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Belki, ruhany Sedihi ýaly dindarlar öz aýdýan sözleriniň manysyna doly düşünýän hem däldirler. Belki, eýran aýallary hakykatdan hem ýeri titretmäge ukyplydyr. Şol ýer titremäniň bolsa geljekde aýallara hijab geýdirip, olary öýde oturtmaga synanyşýanlara gaty agyr degmegi mümkin.

Golnaz Esfandiari Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň analitigi. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG