Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa 110 milliard ýewro möçberinde kömek berler


Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri düýn Brýusselde bolan maslahatda Gresiýa 110 milliard ýewro möçberinde beriljek kömegiň planyny tassykladylar.

Maglumata gorä, bu pul serişdelerini Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary we Halkara pul fondy üç ýylyň dowamynda berer.

Gresiýanyň premýer-ministri Georgios Papandreu halkara kömeginiň şertleri bilen Afininiň ylalaşýandygyny düýn yglan etdi. Bu ýerde gürrüň üç ýylyň dowamynda döwlet çykdajylaryny 30 milliard ýewro möçberinde azaltmak barada barýar.

Gresiýa kömek bermek plany 7-nji maýda Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň sammitinde gutarnykly tassyklanar.
XS
SM
MD
LG