Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy täze sanaw çap etdi


Şu gün matbugat azatlygynyň bütindünýä günüdir. Şu senä gabatlap, düýn “Serhetsiz reportýorlar” guramasy özüniň täze sanawyny çap etdi.

Bu sanawa adam hukuklaryny goraýjylary we azat metbugaty bogujylar diýlip atlandyrylýan şahsyýetleriň atlary girizilipdir.

Sanawa girizilen bu adamlaryň hatarynda Hytaý Halk respublikasynyň lideri Hu Žintao, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat bilen bir hatarda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbayýew, Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow, Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin, Çeçenistanyň prezidenti Ramazan Kadyrow, owgan talyplarynyň lideri Molla Omar ýaly şahsyýetler hem bar.

Parižde ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy bu gurama “ençeme ýurtda öňküleri ýaly senzura dowam edýär, žurnalistleriň özleri bolsa yzarlamalardan, ogurlanmakdan, gynamalardan we öldürilmekden halas däl” diýip belleýär.
XS
SM
MD
LG