Sepleriň elýeterliligi

Geçen hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň ýokary derejeli çinownikleri bilen “Daýmler AG” awtomobil konserniniň korrupsion söwdasy barasynda Birleşen Ştatlaryň Adalat ministrliginiň çap eden maglumatlaryny inkär etdi.

Türkmen býurokratlary bilen düýbi Germaniýadaky “Daýmler AG” awtomobil konserniniň bikanun işlerini paş etmek üçin amerikanlara bärsinden bäş ýyl gerek boldy. “Türkmenistan bilen baglanyşykly şunuň ýaly habarlar hakykata düýbünden bap gelmeýär” diýen gysgajyk jogaby taýýarlamak üçin bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bir aý töweregi wagt gerek boldy.

Eýsem, öz günäsini boýun alan “Daýmler AG” kompaniýasy nämede aýyplanýar?

ABŞ-nyň resmi subutnamalary

Geçirilen derňewlere laýyklykda, awtomaşynlary öndürýän meşhur nemes-amerikan kompaniýasy öz hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryndan käbir ýokary wezipeli şahsyýetlere biçak gymmat sowgatlary we nagt pullary paýlapdyr. Şol gymmat sowgatlaryň arasynda Türkmenistanyň resmi çinownigine berlen bronlanan “Mersedes” maşyny hem bar. Resmi maglumatlarda şol Mersedesiň bahasam görkezilipdir - 300 müň amerikan dollary.

Derňew wagty ýene bir söwdanyň üsti açylypdyr. Ony taraplar “Türkmen bazaryny ösdürmek üçin inwestisiýa” diýip atlandyrýarlar. Iş ýüzünde welin, “Daýmler AG” “Ruhnamanyň” nemes diline terjimesini we onuň neşir edilmegini maliýeleşdiripdir. Şol kitabyň 10 müň nusgasy üçin “Daýmler AG” konserni 250 müň amerikan dollaryny harç edipdir.

Aşgabadyň daşaryk gönderýän “signaly”

ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň beýannamasyna türkmen tarapynyň beren jogabyny diňe Aşgabadyň öz ýalňyşyny boýun almagy başarmaýandygy bilen düşündirmek bärden gaýtma bolardy. Özleriniň häzirki hereketi bilen türkmen ýolbaşçylary özleriniň daşary ýurtly potensial partnýorlaryna “Aşgabat islendik bir konfliktli meseläni açyk ýagdaýda däl-de, yapyk gapylaryň aňyrsynda gümmi-sümmüli ýagdaýda çözjekdir” diýen signaly ýollaýar.

Eger bu dawa-jenjelli ýagdaýa ýokary derejeli döwlet çinownikleri goşulan bolsalar, onda ol ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrýar. Ýöne amerikan ýuristleriniň haýsy türkmen çinowniginiň bu işdaki galplyklarynyň üstüni açandyklary welin, şu wagta çenli belli bolman galýar.

Eger Türkmenistanyň DIM-niň beýannamasyndan çen tutulsa, Aşgabat hemme zatdan ozal “ýurduň ýokary halkara abraýyny” goramagyň aladasynda ýaly bolup görünýär. Beýleki tarapdan, bu beýannama iş ýüzünde islendik ylalaşygyň ýa dörän problemanyň köpçülige açyk ýagdaýda däl-de, ýokary derejeli döwlet kabinetleriniň ýapyk gapylarynyň aňyrsynda maslahat ediljekdigini, şol ýerde çözüljekdigini aňladýar.

Häkimiýetleriň “milli bähbitleri”

Türkmenistanda meseleleriň şeýle usul bilen çözülýän bir wagtynda, resmi propaganda Türkmenistanyň açyk gapylar syýasatyny alyp barýandygyny, onuň milli bähbitleri göz öňünde tutup, daşary söwdanyň ýuridik taýdan arassalygyny berk saklaýandygyny nygtaýar.

Ýöne Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz beýannamasynda “milli bähbitler” diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýandygyny düşündirjegem bolmandyr. Hakykat ýüzünde bolsa, Türkmenistanyň DIM-i bolup geçen wakadan ters netije çykaryp, ýurduň abraýyna we milli bähbitlerine zyýan ýetiren adamlary goraýar. Elbetde, Türkmenistanyň häzirki häkimiýetleri hut korrupsiýanyň ýurduň abraýyny we milli bähbitlerini püçewe çykarýandygyna düşünmän duranoklar.

Eger korrupsiýada Türkmenistanyň döwlet apparatynyň wekilleriniň oz elleri bar bolsa, onda onuň nähili atlandyryljagy başga meselä öwrülýär. Turkmenistan ýaly ýapyk jemgyýetde häkimiýet daşardan edilýän islendik tankytdan ýa hüjümden özüni aşa ynjyklyk bilen goraýar. Türkmen halk döredijiliginde “el eli ýuwar” diýen pähim bar. Aşgabadyň halkara gatnaşyklarynda şol usul köpden bäri işläp gelýär.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG