Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: “Görülmedik betbagtçylygyň bolmagy ähtimal”


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Meksika aýlagynda nebit skwažinasyndan deňze ýaýraýan nebitiň bu sebit üçin görülmedik tebigy betbagtçylyk bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Zyýan ýeten nebit skwažinasyndan sebitiň haýwanat hem ösümlik dünýäsine barha köp howp abanýar.

Düýn ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Meksika aýlagyndaky nebit akymynyň Birleşen Ştatlar üçin ägirt uly we görülmedik tebigy betbatçylyk bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni ýurduň günorta ştaty bolan Luiziana saparynyň dowamynda gämi duralgasynyň öňünde çapgyn ýelli we çagbaly howada çykyş edip, Obama öz hökümetiniň ýerasty nebit turbasyndan akýan nebit läbiginiň ýaýran ýerlerini arassalamak üçin elde baryny etjekdigini nygtady. Şeýle-de, ol bu hadysada jogapkärçiligiň ýarylan nebit turbasyny işledýän britan kompaniýasynyň üstüne düşýändigini, arrasalaýyş üçin çykdajyny hem şol “Britiş Petroleum” kompaniýasynyň öz üstüne almaldygyny aýtdy.

«Bu nebit akymy üçin ‘Britiş Petroleum’ jogapkär. Diýmek, ‘Britiş Petroleum’ hem onuň harjyny çekmeli bolar. Emma men, Birleşen Ştatlaryň prezidenti hökmünde, ol näçe dowam etse-de, bu krizise garşy durmakda hiç bir tagallany gaýgyrmaryn. Biz bu nebit akymynyň ýetiren zyýanyndan saplanmak üçin serişde-de aýamarys» diyip, prezident Barak Obama belledi.

Prezident Obama mümkinçilik dörän badyna bu işde kimiň nähili jogapkärçiliginiň bardygynyň jikme-jik derňeljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Betbagtçylyk nähili ýüze çykdy?

“Britiş Petroleum” kompaniýasy tarapyndan işledilýän “Deepwater horizon” diýlip atlandyrylýan nebit skwažinasynda 22-nji aprelde ýüze çykan äpet tehniki partlama 11 işçiniň ölmegine sebäp boldy we hasaplamalara görä, her günde bäş müň barrel nebitiň hem Meksika aýlagyna akmagyna ýol açdy.

Gyňyr deňiz şertleri we güýçli ýel aýlag töwereklerine giň ýaýran nebit akymyny duruzmak üçin edilýän tagallalara ullakan päsgelçilik döredýär.

Obama nebit ýatagyndan heniz hem akýan nebitiň bu sebitde ýaşaýan müňlerçe amerikalynyň durmuşyna, haýwanat we ösümlik dünýäsine howp salmak bilen, Birleşen Ştatlaryň aýlag kenarlaryndaky ykdysadyýetine we tebigatyna çynlakaý zyýan ýetirmeginiň ähtimaldygyny aýtdy. Prezident nebit läbiginiň Luiziananyň günorta-gündogar kenarlaryndan 14 km uzaklyga ýaýrandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Britiş Petroleum” öz üstüne almakçy

“Britiş Petroleum” kompaniýasy ýeten zyýan üçin kanuny talaplary öz üstüne aljagyny aýdýar. Kompaniýanyň başlygy Lamar MakKeý nebit akymynyň öňüni almaga gönükdirilen wagtlaýyn çäreleriň netije bermegi üçin azyndan bir hepde-sekiz gün toweregi wagtyň gerek boljagyny aýtdy.

Emma Içeri işler sekretary Ken Salazar nebit akymynyň togtamagy üçin kömekçi guýynyň burawlanmagynyň üç aýa çenli wagt aljagyny duýdurdy.

Luiziana ştatynyň gubernatory Bobbi Jindal adatdan daşary ýagdaýy yglan etmek bilen, nebit läbiginiň öz ştatynyň durmuşyna howp salýandygyny, sebäbi bu ýerde heniz 2005-nji ýylda bolan Katrina tupanynyň eden ýykan-ýumrançylyklarynyň hem düzedilip ýetişilmändigini aýtdy.

Luizianada köp milliard dollarlyk balykçylyk senagaty bar. Tebigaty öwrenijiler nebit läbiginden doly arassalanmak üçin onlarça ýylyň gerek boljagyny aýdýarlar. Bu hadysa sebäpli Missisipi, Alabama, Florida ştatlarynda-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
XS
SM
MD
LG