Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň “grek” problemasy


Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri 2-nji maýda Brýusselde bolan maslahatda Gresiýa 110 milliard ýewro möçberinde beriljek kömegiň planyny tassykladylar. Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy Germaniýanyň “Die Zeit” gezetiniň redaktory, tanymal ýazyjy Josef Joffe bilen Ýewropanyň we Gresiýanyň bergi krizisi barada ýörite söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: 1990-njy ýyllarda Ýewropanyň umumy puly ýewro baradaky planlaryň üstünde işlenip ýörkä, siz geljekde döremegi mümkin problemalar hakda duýduryş berip, köp makala ýazypdyňyz. Ýöne Ýewropa syýasatçylary bu duýduryşlara üns bermediler. Indi bolsa Gresiýanyň bergi krizisi tutuş ýewro zonasyny basmarlap barýär. Bu siziň öňünden aýdan zatlaryňyzyň dogry bolup çykandygyny görkezýärmi?


Josef Joffe: Bu ýerde problema maliýe bileleşiginiň däl-de, diňe pul bileleşiginiň bardygynda. Bu ençeme lokomotiwiň bir otla dakylyşy ýaly bir ýagdaý. Öňbaşçylyk edýän ýok, hemmeler deň tizlikde gitmeli. Biri şol tizlikde gidip bilmese - häzirki ýagdaýda Gresiýa - onda ol tutuş herekete howp salýar. Onsoň näme etmeli? Şol bir tizlikde gidip bilmeýän lokomotiwi zyňmaly. Biz bu işi Gresiýa babatda edip bilmeýäris. Sebäbi Lissabon şertnamasy muňa ýol bermeýär. Birini pul bileleşiginden çykarmaga kanuny ýol ýok. Ýöne haýsydyr bir yurduň öz islegi boýunça bu bileleşikden çykmaga haky bar.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylar häzirki krizisi “grek bergi krizisi” diýip atlardyrýarlar. Ýöne býujet ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän başga ýurtlar-da bar. Olaryň hem şu güne düşüp, bergilerini töläp bilmezligi mümkin. Şol sebäpden, häzirki bergi krizisine “Gresiýa krizisi” däl-de, “Ýewropanyň bergi krizisi” diýilse, has dogry bolmazmy?

Josef Joffe: Bu ýerde üns berilmeli zat hökümetleriň býujet defisiti däl. Mysal üçin, Britaniýanyň býujet ýetmezçiligi tutuş içerki önüm bilen deňäniňde Gresiýanyňky bilen deňeçer. Ýöne Britaniýany alada edýän ýok. Sebäbi onuň bergilerini tölärlik ýagdaýynyň bardygyny hemmeler bilýär. Problema bu hatarda duran indiki ýurduň öz bergilerini tölap biljekligi ýä bilmejekligi. Kynçylyk içindäki ýurtlar Portugaliýa, Irlandiýa, Italiýa, Gresiýa we Ispaniýa. Bu ýurtlaryň hemmesi öz edýän gazanjyndan köp çykdajy edýärler. Hemmesi bergiň içinde. Dünýä bazary bularyň ählisine howply diýip garaýar. Ýöne bulardan abanýan howp hiç edil Gresiýanyňky ýaly däl. Bularyň hemmesinden howplusy Gresiýa. Bu krizis indi beýlekilere-de ýaýrarmy ýa Gresiýa bilen sowlup gidirmi - muny bilemzok.

Azatlyk Radiosy: Bu problemany çözmek üçin Gresiýanyň özi näme edip biler?

Josef Joffe: Gresiýa aýlyklaryň derejelerini peseldip, önümçiligi artdyryp biler, edilýän çykdajylary kemeldip biler. Bir söz bilen aýdanyňda, ol köp işleri edip biler. Ýöne, beýleki tarapdan, beýle çäreler hökümeti çökerip, ýurdy öz içinden partlaýyşa getirýän çäreler. Şol sebäpden hem grekler muny etmezler. Bu zatlary açyk ýagdaýda, puluň hümmetini peseltmek bilen hem edip bolýar. Puluň hümmeti peselse, import gymmatlap, sarp edijilik azalýar, eksport artýar. Ýöne Gresiýa pul bileleşiginiň içinde bolanlygy üçin bu işleri hem edip bilmeýär. Biziň olara pul tölemeli bolýandygymyzyň sebäbi-de şol. Gresiýa üçin iň gowy çykalga - pul bileleşignden meýletin çykyp, bergilerini tölemegi bes etmek.
XS
SM
MD
LG