Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda NATO bazasynyň ýanynda ulag bombasy partlady


Şu gün Owganystanyň Host welaýatynda, NATO bazasynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçi bir maşyny partlatdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi bu partlamada asuda ilatdan bir adamyň ölendigini, hususy sakçylardan bolsa ikisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu hüjüm iordaniýaly içalynyň dekabr aýynda Merkezi razwedka gullugynyň 7 agentini öldüren harby bazasynyň daş girilgesinde amala aşyryldy.

Talyplaryň sözçüsi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz toparynyň üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG