Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly hüjümçä Hindistanyň sudy günä bildirdi


Şu gün Hindistanyň sudy 2008-nýi ýylda Mumbaý şäherinde bolan terror hüjümlerinde pakistanly hüjümçini günäli diýip tapdy.

Bu gürrüňi edilýän hüjümlerde 166 adam ölüp, 300-den gowrak adam ýaraly bolupdy.

Şol hüjümleri gurnanlardan ýeke-täk diri ele salnan Muhammad Ajmal Kasap düýbi Pakistanda ýerleşýän yslamçy ekstremist topar Laşkar-e-Taiba agzalykda aýyplandy.

Muhammad Ajmal Kasap on adamdan ybarat hüjümçileriň ýeke-täk aman galan agzasy diýlip bilinýär.

Onuň işi bilen baglanyşykly gutarnykly höküm ertire goýuldy. Oňa ölüm jezasynyň berilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG