Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ölendir öýdülýän talyp lideri wideo ýazgyda peýda boldy


Şu gün Pakistandaky talyp söweşijileriniň lideri Hekimulla Mehsud täze wideoýazgyda peýda boldy. Ýanwar aýynda onuň amerikan howa zarbasy arkaly öldürilendigi aýdylypdy.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän we terror toparlarynyň metbugatyny yzarlaýan ýörite barlaglar merkezi Hekimulla Mehsudyň 9 minutlyk wideoda özüniň öldürilendigini ýalana çykarýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, Mehsud ýazgyda Birleşen Ştatlaryň uly şäherlerine hüjüm ediljegine söz beripdir.

Bu wideo ýazgynyň 4-nji aprelde ýazga geçirilendigi çak edilýär.
XS
SM
MD
LG