Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň tüwüleri gelip başlady


Dünýä ýurtlary bilen gatnaşyk açylmagy türkmen bazarlarynyň-da ýagdaýyny üýtgetdi. Bu günler türkmen bazarlaryna dünýäniň ýakyn we daş ýurtlaryndan ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlar yzygiderli getirilýär.

Diňe geýim-gejim, maşyn ýaly harytlar däl, eýsem, daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümleriniň hem dürli görnüşleri türkmen bazarlaryna ornaşýar. Şol harytlaryň biri hem şaly hasyly bolan tüwüdir.

Türkmenistany Orsýetiň dokma fabrikleri üçin pagta öndürýän ýurda öwren sowet hökümeti türkmen topragynda şalyçylygyň ösdürilmegine ýol bermändi. Türkmenler sowet hökümeti ýyllary içinde diňe Orsetden gelýän tüwüleri iýip oňdular.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň türkmen topragynda pagtaçylyk bilen bir hatarda şalyçylygy hem ösdürmäge başlady.

Dogrusyny aýtsaň, türkmen topragynda bitýän şalydan öndürilýän tüwi ýaly tüwini hiç bir ýurtdan tapyp bolmasa gerek. Türkmen tüwüleri özüniň şireliligi, gowy tagamy, bişişiniň gowulygy bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Ýöne türkmen topragynda şaly ekilip başlanmagy bilen bir hatarda problemalar hem döredi. Şaly ekinlerinde ownujak garaja möjejikler döräp, soňra ol möjekler beýleki gök ekinlere düşüp, gök ekinler hasyla doly durmanka, olaryň gurap gitmegine sebäp bolýarlar.

Häzir Türkmenistana dürli söwda firmalarynyň üsti bilen Orsýet tüwüleri örän köp möçberde gelip başlady. Ýurtda öňdenem Hytaýdan we Gazagystandan getirilýän tüwüler satylýar.

Orsýetiň-de, Hytaýyň-da, Gazagystanyň-da tüwüleriniň tagamy türkmen tüwüleriniň tagamyça ýok. Ol ýerlerden getirilýän tüwüleriň ýuwlup gelinýänligi üçin munuň şeýle bolmagy mümkin. Sebäbi tüwi ýuwlanda onuň daşynyň tagamly şiresi aýrylýar. Daşary ýurtlardan bolsa, tüwüler köplenç ýuwlup getirilýär.

Bahbitlimi, bähbitsiz?


Türkmen bazarlarynyň daşary ýurt tüwülerinden doldurylmagy bähbitlimi, bähbitsiz? Bu sowala iki hili jogap bar.

Geçen ýyl Türkmenistanda ekilen tüwüleriň azrak bolmagynyň netijesinde gyşdan soň olar mazaly gymmatlap, bir kilogramynyň bahasy iki dollara çenli ýokary galdy. Ine, şeýle zatlaryň bolmazy ýaly, ýurduň daşyndan hem tüwi getirilse gowy.

Ikinji tarapdan, daşary ýurtlardan tüwüleriň köp möçberde getirilmesi türkmen daýhanynyň harydynyň bahasynyň arzanlamagyna getirýär. Daýhana düşewünt az düşýär. Häzir bazarlarda gowy tüwiniň bir kilogramynyň bahasy bir dollar (täze—denomenirlenen puldan üç manat). Bu ýagdaý halk üçin gowy, daýhan üçin aňsat däl. Sebäbi türkmen daýhany şalysyny ekip ýetişdirýänçä, ýygnaýança örän köp çykdajylar edýär.

Eýran hyýarlary, özbek, pakistan kartoşkalary hem-de soganlary, gazagystan, orsýet, hytaý tüwüleri… Ine, bu günki gün türkmen bazarlaryny eýeleýän iýmitler. Şu ýagdaý ýene bäş-on ýyl dowam ediberse, türkmen daýhanynyň dat gününe! Onuň bazarda näme satjagy, çagasyny nädip eklejegi belli däl.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG