Sepleriň elýeterliligi

Pekinde mergenler çagany zamun alan adamy atyp öldürdiler


Düýn Hytaýyň paýtagty Pekinde mergenler bir çagany zamun alan adamy atyp öldürdiler.

Hytaýyň “Sinhua” habar agentliginiň maglumatyna görä, düýn bir erkek adam köçede kakasynyň elinden bäş ýaşly gyzyny kakyp alypdyr hem internet arkaly bir tanyş aýaly bilen duşuşmaga mümkinçilik döredilmegini talap edipdir. Ol öz talabanyň ýerine ýetirilmedik halatynda, çaga zyýan ýetirjegini aýdypdyr.

Maglumata görä, onuň internetde tanşan aýaly real durmuşda onuň bilen duşuşykdan ýüz öwrüpdir.

Zamun alan bilen gepleşikler netije bermänsoň, düýn polisiýa bu adamy atyp öldürdi.

Soňky bir ýarym aýyň içinde Hytaýda psihiki taýdan näsag adamlar tarapyndan çagalar baglaryna we mekdeplere bäş gezek hüjüm edilip, köp çagalar ýaralandy.
XS
SM
MD
LG