Sepleriň elýeterliligi

ABŞ öz ýadro arsenalynyň möçberini ilkinji gezek aýan etdi


ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan düýnki maglumatyna görä, häzir bu ýurduň ýaragly güýçlerinde 5 müň 113 sany ýadro söweş başy bar, olar operatiw ýagdaýda ýa operatiw ätiýaçlykda ýa-da ammarlarda saklanýar.

1967-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň ýadro arsenaly 84% kemeldildi. Ol iň ýokary derejä ýetende, ABŞ-da 31 müň 225 söweş başy bardy.

Düýn Nýu-Ýorkda, BMG-niň ştab-kwartirasynda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk boýunça halkara konferensiýasy açyldy. Bu konferensiýa
dünýäniň 189 ýurdunyň wekilleri gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG