Sepleriň elýeterliligi

Aleksandr Milinkewiç täzeden prezidentlige dalaş etmekçi


Düýn Belarusda prezidentlige öňki kandidat, “Azatlyk ugrundaky” hereketiň başlygy Aleksandr Milinkewiç özüniň geljek ýyl täze prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynynyň maglumatyna görä, Milinkewiç ýurduň strategik maksadyny Ýewropa Bileleşigine girmekde görýär.

Orsýet bilen Belarusyň özara gatnaşyklaryna degip geçmek bilen, ol “Soýuz döwleti” diýen proýekte ynanmaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG