Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada halkyň nägilelikleri dowam edýär


Gresiýada hökümetiň maliýe krizisi babatynda ýöredýän berk çärelerine garşy köpçülikleýin çykyşlar dowam edýär.

Şu gün Afinyda çepçi guramalardan çykyş edýän protestçiler Akropoldan “Ýewropa halklary, aýaga galyň!” diýen ägirt uly ýazgyny asdylar.

Grek Kärdeşler birleşikleri çarşenbe gününe ähliumumy iş taşlaýyş yglan etdi.

Gresiýanyň hökümeti Ýewropa Bileleşiginden aljak maliýe ýardamlaryna jogap edip, döwlet çykdajylaryny, şeýle hem sosial tölegleri düýpli azaltmaga razylyk berdi.

Munuň özi Gresiýa üç ýylyň dowamynda 110 milliard ýewrolyk kömek berjek ýurtlaryň esasy şertidir.

Gresiýanyň býüjetindäki ägirt uly maliýe defisiti Yewropanyň pul birligi bolan ýewronyň durnuklylygyna hem wehim salýar.
XS
SM
MD
LG