Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina özüne ýol saýlaýar


Ýakynda rus prezidenti D.Medwedew bilen ukrain prezidenti W.Ýanukowiçiň Krymdaky rus harby flotynyň möhletini uzaltmak barada gol çekişen ylalaşyklary Ukrainada uly dawanyň turmagyna getirdi. Bu dawalar heinizem ýatanok. Şu wakalar barada Azatlyk Radiosy Ukrainanyň ozalky prezidenti W. Ýuşenko bilen ýörite söhbetdeş boldy


Azatlyk Radiosy: Ukrainada häzirki prezidentiň, parlament koalisiýasynyň we hökümetiň arasynda doly agzybirlik bara meňzeýär. Siziň pikiriňizçe, prezidentiň we onuň toparynyň elinde Ukrainany siwilizlenen, ýaşamaga we işlemäge oňaýly ýurda öwürmek üçin nähili mümkinçilikler bar?

Wiktor Ýuşenko: Häzirki bolýan zatlar barada dürli garaýyşlar we çaklamalar bar. Bularyň käbiri optimistik, käbiri pessimistik garaýyşlar. Mesele arassa köçeler ýa öýlerimiziň rahat bolmagy däl. Meniň pikirimçe, oňat pikir alyşmak üçin adamlaryň aň-pikirlerine düşünmek gerek.

Gürrüň ugur barada bolsa, onda Ukrain halkynyň pikir alyşmak isleýäni näme? Ol meniň alyp baran ugrum. Biz Ukrainany döwrebäp, Ýewropa döwleti etmeli. Biziň öňümizde duran wajyp mesele şu. Biz ýewropaly, sebäbi biz ukrainaly.

Azatlyk Radiosy: Häzirki ýöredilýän ugra nähili garaýarsyňyz, ol nähili ugur?

Wiktor Ýuşenko: Bu bir başga ugur. Bu Ukrainany Orsýetiň täsir zonasyna tabyn etmek ugry. Dürli syýasatçylar tarapyndan goldanylýan biri-birine bütinleý ters iki ugur bar. Ýanukowiçiň ugry barada aýdanyňda, onuň arkasynda millionlarça adam dur. Olar onuň indiki hereketlerine garaşýarlar. Onuň alyp barýan ugruny alkyşlaýarlar. Muny boýun almagymyz gerek.

Azatlyk Radiosy: 2017-njy ýyldan soň Orsýetiň Gara deňiz flotynyň ukrain topragynda bolmagynyň öňüni almaga kanuny bir ýol barmy?

Wiktor Ýuşenko: 3-4 gün mundan ozal ukrain parlamentinde bolan gykylygyň öňüni almaga çalt çözgüt ýok. Parlamentde ýenjilen Ukraina boldy.

Şertnamany ratifisirleme prosesinde bolan zady syýasy Çernobyl diýip atlandyrmak mümkin. Ýene bir gezek aýdýaryn, bu ugurda çalt çözgüt ýok. Bir düwmäni basyp, bu karary üýtgedip bolanok. Şol sebäpden hem, olaryň syýasy artykmaçlyklary bilen biziň artykmaç tarapymyzy analizläp görmeli. Olar parlamentde köplük. Biziň hem potensial köplügimiz jemgyýetde.

Azatlyk Radiosy: Siz ukrain hökümetiniň häzirki formasyny nähili hasiýetlendirip biljek?

Wiktor Ýuşenko: Edil şu wagt ol bir totalitar forma. Ondaky üç şaha - parlamentiň köplügi, hökümet we prezident administrasiýasy - bir adamyň elinde.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, eger Ýuliýa Timoşenko prezident bolan bolsa, ol orslar bilen Gara deňiz floty baradaky şertnama gol çekişermidi?

Wiktor Ýuşenko: Ideologiýa barada Timoşeko bilen Ýanukowiçiň arasynda hiç bir tapawut ýok. Ýanukowiç Timoşenkonyň gaz barada gol çekişen şertnamasyny üýtgetmedi. Sebäbi ol bularyň ikisine-de ýaraýar.

Orsýetiň premýer-ministriniň birnäçe wagt mundan ozal: “Timoşenko prezident bolsa, ol Orsýetiň harby-deňiz güýjüniň ýene 50 ýyllap galmagyna ýol berjek” diýeni ýadyňyzda bolsa gerek. Men bularyň tutumynyň biri-birinden tapawudynyň ýoklugyna şübhelenemok. Ýöne biri 25, beýlekisi hem 50 ýyllyk şertnama hakda oýlanýardy.
XS
SM
MD
LG