Sepleriň elýeterliligi

3-nji maýda Aşgabatda energiýa hyzmatdaşlygy barada halkara konferensiýasy öz işine başlady. Konferensiýada ÝHHG-nin, BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Orsýetiň energiýa we ykdysadyýet boýunça resmileriniň çykyş etmegine garaşylýar.


Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty we mineral resurslar ministrliginiň we Ýewropada Howpsuzlyk hem Hyzmatdaşlyk guramasynyň guramaçylygynda geçirilýän bu halkara foruma 20-den gowrak döwletden 120 çemesi wekil gatnaşýar.

ÝHHG-niň resmi maglumatyna görä, Energiýa konferensiýasynyň maksady Merkezi Aziýada energiýa ösüşiniň perspektiwalaryny, energiýa öndürijiler, tranzit döwletler we hyrydarlar üçin energiýanyň transportynyň prinsiplerini geňeşmekden, şeýle-de Merkezi Aziýanyň potensial regional bazary, şol sanda, elektrik togy ýaly energiýa çeşmesiniň meselesine garamakdan we berk, ynamly energiýa aragatnaşygy üçin kanuny şertleri kesgitlemekden ybarat.

Daşarky bazara ymtylma

Türkiýeli bilermen, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça professory Mehmet Seýfetdin, dünýä derejesinde energiýa howpsuzlygynyň şu günki günüň möhüm meselesi bolup durýanlygyny bellemek bilen, Merkezi Aziýa regionynyň mundan beýläk ösüşiniň hem hut şu meselä baglydygyny aýdýar.

Aşgabatda geçirilýän energiýa hyzmatdaşlygy boýunça halkara konferensiýasy Türkmenistanyň öz energiýa önümlerininiň hyrydarlarynyň sanyny köpeltmek we ýurda maýa goýumlaryny çekmek islegini görkezýär diýip, Orsýetiň “Syýasy informasiýa merkeziniň” müdiri Alekseý Muhin belledi. Onuň pikiriçe, Türkmenistanyň tagallasy ilkinji nobatda Günbatar Ýewropanyň we ABŞ-nyň maýa goýujylaryna gönükdirilen.

Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfetdiniň pikirine görä, halkara hyzmatdaşlygynyň aktiwleşmegi arkaly region döwletleriniň gatnaşyklarynyň täze we garaşsyz häsiýete eýe bolmagy-da ähtimal.

Täjigistan hem öz suw elektrostansiýalaryny gurmak planlaryny öz energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek islegi bilen delillendirýär. Energiýa baýlyklaryna eýe bolmadyk Gyrgyzystan hem öz energiýa üpjünçiliginde suw resurslaryndan peýdalanmak islegini mälim edýär. Ekologiýa abandyrylýan howplara salgylanmak bilen, bu döwletleriň planlaryna Özbegistan garşy çykýar.

Netijelilik nämä bagly?

Mehmet Seýfetdiniň pikirine görä, Merkezi Aziýa regionynyň energiýa we ykdysady planlarynyň netijeliligi ösüşe böwet bolýan faktorlara ünsli çemeleşilişine bagly bolup durýar. Regionyň ýurtlary bilen birlikde, Günbatar döwletleri hem regiondaky proseslere Orsýetiň edýän we edip biljek täsirlerini ünsden düşürmeli däl. Mehmet Seýfetdin deňagramly syýasatyň regionyň ösüşi üçin esasy ýol açýanlygyny belledi.

Emma orsýetli bilermen Alekseý Muhin Türkmenistan öz energiýa syýasatynda Orsýetiň täsirini gowşatmagy başardy diýip, pikir edýär. Onuň pikirine görä, häzirki wagtda daşarky hyzmatdaşlyklary ösdürmäge meýil edýän Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň netijeliligi täze eksport ugurlarynyň döremegine bagly bolar.

Şu günler Türkmenistanyň gatnaşmagynda ykdysady ugurdan ýene bir halkara çäresi geçýär. Türkmenistan Türkiýäniň “Strategik we sosial barlaglar fondy” tarapyndan 4-7-nji maýda Ystambulda geçirilýän Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýokary derejedäki 13-nji maslahatyna hem gatnaşýar. Bu ýerde oňa Türkmenistanyň maliýe ministri A.Goçyýew wekilçilik edýär.
XS
SM
MD
LG