Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda güman edilýän tussag edildi


ABŞ-da Nýu-Ýork şäheriniň merkezinde partlama amala aşyrmaga synanyşanlykda güman edilýän adam şu gün tussag edildi.

Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Erik Holderiň aýtmagyna görä, tussag edileniň ady Faýsal Şahzad, ol asly Pakistandan bolan ABŞ-nyň raýaty.

Maglumata görä, ol şu gün Nýu-Ýorkyň aeroportynda Dubaýa uçmaga synanyşan wagty saklanypdyr.

Geçen şenbe güni Taýms-skwerde maşyna ýerleşdirilen partlaýyjy madda bir hepde mundan öň Faýsal Şahzada başga bir adam tarapyndan satylypdyr diýip, ABŞ-nyň kanun goraýjy guramalary çaklaýarlar.

Derňewler baradaky Federal býuronyň wekili Kimberli Mertz žurnalistler bilen duşuşykda Faýsal Şahzadyň öýüniň barlag edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG