Sepleriň elýeterliligi

Bakyýew eldegirilmesizlik hukugyndan mahrum edildi


Şu gün Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Kurmanbek Bakyýewi eldegrilmesizlik hukugyndan mahrum etmek barada karar çykardy.

Bu barada wagtlaýyn hökümetiň metbugat sekretary Farid Niýazow şeýle diýdi: “Şu gün wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa Kurmanbek Bakyýewi eldegrilmesizlik hukugyndan mahrum edýän permana gol çekdi. Bu perman geçen hepde wagtlaýyn hökümetiň ähli agzalary tarapyndan ylalaşyldy. Şol permana laýyklykda, geçis hökümeti Gyrgyzystanyň halkynyň Kurmanbek Bakyýewi prezidentlik wezpesinden aýrandygyny ýene bir gezek tassyklady”.

Mundan daşary, Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti respublikanyň Baş prokuraturasyna häzir Belarusda ýören Bakyýewi yzyna getirmek barada iş alyp barmaklyga-da tabşyryk berdi.

Bakyýew aprel aýynyň başynda parahat ilata garşy ok atylmagynda aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG