Sepleriň elýeterliligi

Terror synanyşygynda güman edilýäne resmi günä bildirildi


Nýu-Ýorkyň merkezinde minaly maşyny partlatmaga synanyşykda, şol sanda, köpçülikleýin gyryş ýaragyny ulanmaga synanyşykda güman edilýän asly päkistanly, ABŞ-nyň graždany Faýsal Şahzada düýn bu işlerde resmi günä bildirildi.

Pakistan häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Nýu-Ýorkdaky şol partlamany synanyşygyny taýýarlamaga gatnaşykda güman edilýän ýene bir adam düýn Karaçi şäherinde saklanypdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama: “Hüjüm etmäge bu synanyşyk amerikanlaryň howpsuzlygyna wehimiň bardygyny ýene bir gezek ýatlatdy” diýdi.
XS
SM
MD
LG