Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň atasy baradaky kitap çapdan çykdy


Düýn Türkmen Döwlet habarlar gullugy beýik Ýeňşiň öňýany “Mugallym, esger, ilhalar ynsan. Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly” diýen kitabyň ikinji neşiriniň çapdan çykandygyny habar berdi.

“Kitaby Türkmenistanyň baş arhiw edarasy çapa taýýarlady. Onda Türkmenistanyň prezidentiniň atasy barada oçerk, Yzgant obasynyň taryhy, meşhur agtygyň nesil daragty ýerleşdirildi” diýlip, maglumatda bellenilýär.

S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründe onuň kakasy Atamyrat Annanyýazow hem uruş gahrymany we Türkmenistanyň gahrymany diýlip yglan edilip, onuň ýadygärlikleri oturdylypdy. Köp köçelere, hatda gadymy Kerki şäherine hem onuň ady dakylypdy.
XS
SM
MD
LG