Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa möhüm waka garaşýar


Britaniýada ertir, 6-njy maýda geçiriljek saýlawlara bu ýurduň taryhynda boljak seýrek waka hökmünde garalýar. Mundan öň bu ýurtda uzak ýyllaryň dowamynda esasan iki partiýa - Zähmet hem Konserwatiw partiýalary bäsleşip gelen bolsalar, bu gezekki saýlawlarda üçünji bir partiýanyň, ýagny, Liberal-demokrat partiýasynyň hem uly netijeleri görkezmegine garaşylýar. Şu saýlawlar barada Azatlyk Radiosy bu radionyň baş redaktory, Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Margaret Tetçeriň maslahatçysy bolan, Britaniýanyň syýasaty boýunça bilermen Jon O’Sulliwan bilen söhbetdeşlik geçirdi.


Azatlyk Radiosy: Şu gezekki saýlawlaryň aýratynlyklary barada gürrüň beräýseňiz?

Jon O’Sulliwan: Bu saýlawlary ozalkylardan prinsipial taýdan tapawutlandyrýan ýagdaý - ýurtda öňden belli iki sany iri partiýa bilen birlikde üçünji bir partiýanyň, ýagny Liberal-demokratlaryň öňe saýlanmagydyr.

Soňky 30 ýylyň dowamynda Britaniýada iki däl-de, iki ýarym partiýalyk sistemasy höküm sürüp geldi. Sebäbi liberal-demokratlar britan parlamentiniň 50 ornuny eýelemegi başarýardylar, emma aýratyn partiýa hökmünde hökümeti düzmäge hem dolandyrmaga ukupsyzdylar. Bu gezek bolsa agzalan partiýanyň ýaş lideri Nik Klegiň ýolbaşçylygynda liberal-demokratlar beýleki iki partiýa bilen bir hatarda halkyň goldawyny tapdy, bu, belki, saýlawlarda-da netije berip, parlamentdäki orunlaryň bölünişigine täsir edip biler.

Azatlyk Radiosy: Britaniýanyň parlament saýlawlarynyň esasy üç kandidatynyň öň Britaniýada bolmadyk teleçekişmelere gatnaşmagy 6-njy maýdaky saýlawlara täsirini ýetirip bilermi?

Jon O’Sulliwan: Bu saýlawlara täsirini ýetirjek iki wakany belläsim gelýär. Olaryň birinjisi, teleçekişmelerde Liberal-demokratlaryň lideri Nik Klegiň öňe çykmagy boldy. Ikinjisi bolsa, Zähmet partiýasynyň lideri Gordon Braunyň mikrofony öçürilmänkä, öz maşynynda aýdan sözleri bilen bagly waka diýse bolar.

Ýakynda Gordon Braun saýlawçylar bilen bolan duşuşykdan soň, özi bilen gürrüňdeş bolan Zähmet partiýasynyň saýlawçysy – 65 ýaşly zenany, maşyna münen badyna “barlyşyksyz fanatik” diýip atlandyrdy. Onuň öz ýakasyndaky mikrofon öçürilmänkä aýdan bu sözleri soňra metbugatda peýda boldy. Bu waka Zähmet partiýasyny goldaýanlaryň köpüsiniň eýerýän konserwatiw hem milletçilik ideýalarynyň bu partiýanyň liderleri tarapyndan barlyşyksyzlyk diýlip hasaplanýandygyna şaýatlyk etdi. Elbetde, Braun ol zenandan soňra ötünç sorady, emma, meniň pikirimçe, bu waka Zähmet partiýasynyň abraýyna zyýan ýetirdi.

Azatlyk Radiosy: Liberal-demokratlar partiýasy babatda näme aýdyp bilersiňiz. Belli bolşy ýaly bu partiýa 1988-nji ýylda döredildi. Ol Britaniýada Zähmet hem Konserwatiw partiýalary goldamaýan adamlar üçin üçünji bir alternatiw hasaplanýar. Häzir bu partiýa öz 43 ýaşly lideri Nick Klegiň ýolbaşçylygynda öňe saýlandy. Liberal-demokratlar beýlekilerden näme bilen tapawutlanýarlar?

Jon O’Sulliwan: Liberal-demokratlara çepçi partiýa diýip bolar, ýöne sosialistik partiýa diýip häsiýetlendirip bolmaz. Ol birmeňzeş jynsly adamlaryň nikasyny goldaýan, alternatiw pikir-garaýyşlara hormat goýýan partiýa. Emma ol Zähmet partiýasyndan tapawutlylykda ýurduň hojalygyna hökümet tarapyndan gözegçilik etmek meselesine, mysal üçin, senagata kontrollyk ýaly meselelere köp üns bermeýär.

Azatlyk Radiosy: Britaniýada syýasy partiýalaryň garaýyşlary köp meselelerde tapawutlanmaýar. Britaniýanyň esasy partiýalarynyň haýsy meseleler boýunça garaýyşlary biri-birine gabat gelmeýär?

Jon O’Sulliwan: Hawa, siz dogry bellediňiz, häzir britan partiýalarynyň arasynda düýpli tapawut ýok. Sebäbi Konserwatiw partiýanyň lideri birmeňzeş jynsly adamlaryň nikasy ýaly meseleleri kabul edip, has liberallaşmaga synanyşdy. Ýagny, öňki konserwatiw, dini, däp-dessurlar meselesindäki barlyşyksyz garaýyşlaryndan daşlaşmaga synanyşdy.

Şonuň üçin, häzir partiýalary esasy tapawutlandyrýan garaýyşlar ykdysadyýetiň dolandyrylyşyna degişli. Bu mesele bilen bagly konserwatorlar Zähmet partiýasynyň hereketlerini ýiti tankytlaýarlar. Şol bir wagtda-da olar ykdysadyýeti dolandyrmagyň alternatiw görnüşini gözleýärler. Sebäbi konserwatorlar hökümet çykdajylaryny hem kommunal hyzmatlary azaltmakda aýyplanmak islemeýarler.

Azatlyk Radiosy: Britan partiýalarynyň garaýyşlary ýene haýsy meselelerde tapawutlanýar?

Jon O’Sulliwan: Bu gezek gozgalan möhüm meseleleriň biri emigrasiýa degişli. Konserwatorlar, ynha, indi 3-4 ýylyň dowamynda emigrasiýa gözegçilik etmek meselesini gozgamajakdyklaryny aýdyp gelýärler. Emma olar jemgyýetçiligiň garaýyşlary bilen baglanyşykly bu meseläni gozgamaga mejbur boldular.

Emigrasiýa meselesinde konserwatorlary goldajak köp bolar, sebäbi Zähmet partiýasy emigrantlaryň sanynyň artdyrylmagynyň tarapdarlary, liberal-demokratlar bolsa bikanun emigrantlara amnistiýa yglan edip, olaryň kanunlaşdyrylmagy meselesini gozgaýarlar. Konserwatiw partiýa bu meseläni gozgamaly boldy, hut emigrasiýa meselesi hem üç partiýanyň liderleriniň soňky teleçekişmesinde köp gyzyklanma döretdi.”

Azatlyk Radiosy: Geljekki saýlawlarda bu üç esasy partiýadan başga partiýalara ses berilmegi mümkinmi?

Jon O’Sulliwan: Bu häzir köp üns berilmeýän, ýöne örän möhüm mesele. Sebäbi saýlawçylaryň 12-15 %-ti beýleki partiýalara ses berjekdiklerini aýdýarlar. Olaryň 5 %-e golaýy Britaniýanyň Garaşsyz partiýasyny, 2 %-ti Milletçi partiýany, 2 %-ti bolsa Şotland hem Uelsleriň milletçilerini goldajakdygyny aýdýarlar.

Bulardan başga-da, “Ýaşyllar” we Demirgazyk Irlandiýa partiýalary bar. Adatça, bu partiýalar sesleriň 3-5 %-ni alýardylar. Häzir pikir soralyşygyň netijeleri olara 12-15 % sesleriň berilmeginiň mümkindigini gözrkezdi. Bu bolsa saýlawlaryň netijelerine öň görülmedik derejede täsirini ýetirip biler.

Elbetde, Konserwatiw partiýanyň lideri David Kameron bu zatlary bilip, Şotland hem Uelsleriň partiýalarynyň goldawyny tapyp, sesleriň aglabasyny almaga synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Konserwatiw partiýa ýeňiş gazanan halatynda Liberal-demokratlar hökümeti dolandyrjak partiýanyň ýarany bolarmy ýa-da parlamentde azlyk edýänleri goldarmy?

Jon O’Sulliwan: Konserwatiw partiýa ýeňiş gazanan halatynda liberal-demokratlara “ýeňiş gazanan partiýa bilen hyzmatdaşlyk etmeris” diýmek kyn bolar. Ýone liberal-demokratlaryň saýlaw sistemasynyň özgerdilmegini talap etmekleri mümkin. Kameronyň özi bu meselä garaljakdygyny aýtdy, diýmek, ol bu özgerişler bilen ylalaşmaýar.

Azatlyk Radiosy: Ýene nähili ýagdaýyň ýüze çykmagy mümkin?

Jon O’Sulliwan: Konserwatorlar bilen ylalaşmaga synanyşan Nick Klegiň baştutanlygyndaky liberal-demokratlar, belki, Zähmet partiýasy bilen gepleşik geçirip, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga synanyşar. Ýöne bu ýagdaýda liberal-demokratlar Zähmet pariýasynyň ýolbaşçysy Gordon Braun bilen işleşmek islemezler. Gordon Braunyň abraýy häzir hemme ýerde pese düşdi, şol sanda öz pariýadaşlarynyň arasynda hem Gordon Braun o diýen halanmaýar.

Şeýlelikde, Zähmet partiýasynyň liderleri Braun bilen gepleşik geçirip, onuň ýolbaşçy wezipeden çekilmegini sorarlar. Onuň ornuna bolsa liberal-demokratlar bilen işleşip biljek adamyň goýulmagy mümkin. Şeýdibem, Zähmet partiýasynyň täze hökümeti emele geler ýa-da Zähmet hem Liberal-demokratik partiýasynyň ýaranlygynyň döremegi mümkin.

Emma häzirki ýagdaýda kiçi partiýalaryň wekilleriniň sany köpelip, iri partiýalar olaryň goldawyny almaga synansa, bu ýagadaýyň nämä getirip biljekdigini öňünden aýtmak kyn. Meniň pikirimçe, şeýle ýagdaýda döredilen hökümet häkimiýet başynda iki ýyldan uzak galyp bilmez.
XS
SM
MD
LG