Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkdaky wakanyň Pakistandaky “ýaňlary”


Amerikan häkimiýetleri Nýu-Ýorkda içinde bomba goýlan bir maşyny Taýms-skwerde partlatmaga synanyşan Faýsal Şahzadyň Pakistanda bir terroristik lagerde türgenleşik geçendigini aýdýarlar. Sorag edilende, Şahzad özüniň şol ýerde bomba ýasamagy öwrenenligini we partlaýyjy madda ýerleşdirilen maşyny hem Taýms-skwerde ýarmaga synanyşandygyny boýun alypdyr.


Federal prokurorlar tarapyndan Faýsal Şahzada bildirilýän günäleriň biri terrorçylykly iş etmek hem-de köpçülikleýin gyryş ýaragyny ulanmaga synanyşyk.

Pakistanda önüp-ösen, 2009-njy ýylyň aprel aýynda amerikan raýaty bolan Şahzad, öz aýtmagyna görä, bomba ýasamagy Pakistanyn Weziristan regionynda öwrenipdir. Weziristan owgan serhetinde ýerleşýär. Talyp söweşijileri hem öz işlerini köplenç şol ýerden alyp barýarlar.

Birleşen Ştatlaryň Adalat ministrliginiň garamagyndaky terrora garşy göreş toparynyň sözçüsi Holder düýn derňewleriň entek dowam edýänligini aýtdy.

“Men bu ugurda alnyp barylýan derňew işleriniň entek dowam edýänligini nygtamakçy. Biz bu terror hüjümi bilen baglanyşykly peýdaly maglumatlary toplap ýörüs. Şu wagta çenli toplan maglumatlarymyzyň görkezmegine görä, bir zat belli: bu ýurduň iň bir märekeli ýerinde amerikanlary öldürmek üçin gurnalan terror plany” diýip, Holder belledi.

Pakistan bilen baglanyşyklar

Pakistan resmileri Şahzad bilen arabaglanyşykly iň bärsinden bir adamyň tutulandygyny düýn habar berdiler. “Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň ýazmagyna görä, Karaçiniň bir metjidinde söweşiçi topar Jaýşy-e-Muhammad bilen ilteşikli hasaplanylýan bir adam tutulypdyr.

Pakistanda iş alyp barýan talyban hereketi bu hüjüm synanyşygynyň jogapkärçiligini öz üstüne alsa-da, amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, muny tassyklaýan subutnama ýok. Federal derňew gullugynyň direktory Jon Pistole bu işiň aňyrsyna ýetmek üçin amerikan häkimiýetleriniň daşary ýurt aňtaw gulluklary bilen hyzmatdaşlyk edýänligini aýtdy.

“Biz bu adamyň ýurduň içinde hem daşynda kimler, haýsy ekstremistik toparlar bilen nähili ilteşiginiň bardygyny ýa bolandygyny bilmek üçin çet ýurtlardaky partnýorlarymyz bilen bilelikde iş alyp barýarys” diýip, Jon Pistole belledi.

Pakistanyň içiri işler ministri Reham Malik hem derňew işlerinde öz hökümetiniň amerikan resmileri bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini bildirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama: “Bu barada adalat berjaý ediler” diýdi.

“Amerikanlar hökmünde, bir millet hökmünde biz gorka düşmeris. Bizi hiç kim gorkuzyp bilmez. Biz hemişe hüşgär bolarys. Bilelikde iş alyp baryp, ýurdumyzy gorarys, howpsuzlygy, halkymyzyň abadan gelejegini üpjün ederis. Prezident hökmünde meniň etjegim şu, bir millet hökmünde biziň etjegimiz şu” diýip, Obama nygtady.
XS
SM
MD
LG