Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Angela Merkel Gresiýa ýardam bermekligi goldaýar


Eger Gresiýa berlen maliýe ýardamy üstünlikli peýdalanylmasa, beýleki Ýewropa döwletleriniň hem durnuklylygyna howp abanyp biler diýip, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şu gün öz çykyşynda belledi.

Angela Merkel german parlamentinde eden bu çykyşynda Gresiýa maliýe ýardamyny bermek kararyny goldady.

Gresiýa beriljek jemi 110 milliard ýewronyň 22 milliardy Germaniýa Federatiw Respublikasyna degişli. Bu puly bermek baradaky kanun proýekti german parlamentinde anna güni sese goýlar.

Şu gün Gresiýada ähliumumy is taslaýys. Oňa gatnasyjylar hökümetin döwlet çykdajylaryny düýpli kemeltmek planyna garşy çykyş edýarler.
XS
SM
MD
LG