Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňiz garakçylary Orsýetiň gämisini zamun aldylar


Şu gün Hind okenanynda ýüzüş edýän Orsýetiň “Moskowsiý uniwersitet” nebit tankeri deňiz garakçylarynyň hüjümine duçar boldy. Bu barada tankere eýelik edýän kompaniýa maglumat ýaýratdy.

Kompaniýanyň metbugat sekretary Serafima Şukşinanyň aýtmagyna görä bu waka 5-nji maýda Moskwa wagty bilen ir sagat 8-de Gyzyl deňziň Hytaý tarapynda bolupdyr. Onda deňiz garakçylary “Moskowskiý uniwersitet” atly tankere hüjüm edip, ony zamun alypdyrlar.

Maglumata görä tankeriň kapitany üstünde ýaragly adamlar bolan iki sany kiçi gäminiň tankere hüjüm edendigini we gämä garşy ot açandygyny habar berip ýetişipdir.

Tankeriň kapitanyndan gowşan soňky maglumata görä, ekipaža hem gämä zyýan ýetmändir. Tankerde Orsýetiň raýaty bolan 23 adam bar eken.
XS
SM
MD
LG