Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň uzaga çeken “Nabukko” dymyşlygy


Türkmenistan bilen Germaniýanyň “RWE” kompaniýasy “Nabukko” boýunça ylalaşyga gol çekişligi yza tesdirýärler. Habar beriş serişdeleriniň “RWE”-niň ýolbaşçylygyna salgylanmak bilen ýaýradan bu maglumatyny “RWE” kompaniýasynda tassyklamasalar-da, ret hem etmediler.


Bu kompaniýanyň resmileri Azatlyk Radiosyna diňe bu mesele barada kommentariýa bermekden saklanýandyklaryny aýtmak bilen, çäklendiler.

Soňky maglumatlara görä, “Nabukko” proýektine gatnaşýan “RWE” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ylalaşyga gol çekişligi ýylyň ikinji ýarymyna tesdirilýär.

“Roýter” agentliginiň maglumatynda we Germaniýanyň metbugatynda “RWE” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryndan Stefan Ýudişe salgylanylyp, Türkmenistandan “Nabukko” üçin gaz satyn almak baradaky ylalaşygyň ýylyň aýagyna çenli tesdirilýänligi aýdyldy. Munuň sebäbi taraplaryň arasynda syýasy gepleşikleriň dowam edýänligi bilen düşündirilýär.

Ylalaşyga näme sebäpden gol çekilmeýär?

Germaniýanyň metbugatynda ylalaşygyň yza tesdirilmeginiň sebäbi barada gürrüň edilende, türkmen tarapynyň bu ugurda öz ençeme talaplarynyň berjaý edilmegini isleýänligi aýdylýar. Germaniýanyň metbugatynda Türkmenistanyň talaplarynyň Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üstünden geçýän gaz geçirijisiniň howpsuzlygynyň halkara kanunlary esasynda kepilllendirilmegine degişlidigi aýdylýar. Şeýle-de, bu maglumata görä, Türkmenistan möhüm gaz çeşmesi hökmünde öz ähmiýetiniň Germaniýanyň hökümeti tarapyndan resmi derejede ykrar edilmegini-de isleýär.

“Eurasia Transition Group” merkeziniň müdiri Maýkl Laubşyň pikirine görä, “Nabukko” hususy proýekt bolansoň, Germaniýa Türkmenistanyň ähmiýetini tassyklap bilmeýär.

Orsýetiň “Syýasy barlaglar institutyndan” syýasaty öwreniji Aždar Gurdow “RWE” kompaniýasynyň Hazar deňzinde alyp barylýan gözleg-anyklaýyş işleriniň netijeleri barada şu güne çenli hiç hili habar berilmeýänligini belledi.

“RWE” kompaniýasy 2009-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça memoranduma gol çekip, Hazar deňziniň Türkmenistana degişli böleginde gözleg-anyklaýyş işlerine başlapdy. Kompaniýanyň Aşgabatda wekilhanasy hem açyldy.

Germaniýaly bilermen Maýkl Laubş “Türkmenistanyň özi ‘Nabukko’ proýektine goşulmagyny yza tesdirmek isleýär” diýip, pikir edýär. Ekspert munuň sebäbini Turkmenistanyň öz gaz baýlyklarynyň möçberini yglan etmäge we şertnama baglaşan ýagdaýynda öz üstüne almaly boljak borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýar däldiginde görýär.

Emma azerbaýjanly bilermen Ilhan Şabanow Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine goşulmaga ýa bu ugurdan ylalaşyga gol çekmäge hiç wagtda resmi derejede isleg bildirmänligine ünsi çekdi. Türkmenistan açyk aýtmasa-da, onuň Günbatar döwletleriniň teklip edýän proýektlerine gyzyklanmasynyň gowşanlygyny hem ekspertler belleýärler.

Orsýet faktory

“Günorta akymyň” marşruty
“Uruş we parahatçylyk maglumatlary” instituty “Nabukko” proýektiniň yza tesdirilmegini poýekte bäsdeşlik edýän “Günorta akym” proýektini durmuşa geçirmekde Moskwanyň nobatdaky üstünlikli ädimi bilen hem baglanyşdyrýar.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin 25-nji aprelde Wena saparynda Awstriýa bilen hyzmtdaşlyk barada ylalaşyk baglaşmak arkaly “Günorta akym” proýektiniň gurluşygy üçin soňky nokady goýdy. Moskwa Türkmenistana “Günorta akym” üçin gaz çeşmesi hökmünde garaýar diýip, “Uruş we parahatçylyk maglumatlary” instituty öz synynda belleýär.

Käbir ekspertler Moskwanyň postsowet giňişliginde öz täsirini güýçlendirmek ymtylmalarynyň täze bir tapgyryna gadam basandygyny öňe sürýärler. Hususan-da, bu Orsýetiň energiýa syýasatyna degişli. Ýakynda Moskwa Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasyny “Gazprom” bilen birleşdirmegi teklip etdi.

Orsýetiň “Syýasy barlaglar insitutynyň” analitigi Aždar Gurdow Orsýetiň we Ukrainanyň kompaniýalarynyň birleşmegine çynlakaý garamak ir diýip pikir edýär.

Käbir analitikleriň pikirine görä, Orsýet bilen energiýa hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna käbir oňaýlyklary döredýär. Hususan-da, ýurtda demokratik ösüş ýok, ynsan hukuklary berjaý edilmeýän-de bolsa, Moskwanyň türkmen hökümetine açyk-aýdyňlygy talap edýän Günbatar partnýorlaryna garanda has amatly syýasy şertleri teklip etmäge ukyplydygyny “Uruş we parahatçylyk maglumatlary” instituty belleýär.

Hazar deňziniň statusyna degişli faktor

“Nabukkonyň” yza tesdirilmegi “Trans-Hazar” gaz geçirijisi proýektiniň durmuşa geçirilmegi ugrunda şu çaka çenli öňegidişligiň ýoklugy bilen hem düşündirilýär.

“Nabukko” proýektiniň möhüm bölegini emele getirýän “Trans-Hazar” gaz geçirijisi, hususan-da, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda turba çekilmegini göz öňünde tutýar.

Azerbaýjanyň “Nebit meselelerini öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şabanow “Nabukkonyň” aktiw tarapdary bolan Azerbaýjanyň hem häzirki wagt özüniň Şahdeňiz gaz ýatagyny özleşdirmek işini togtadanlygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, “Trans-Hazar” turbasynyň öňüne esasy bowet bolýan zat deňziň statusynyň kesgitlenmänligi.

Ekspertiň sözlerine görä, Aşgabat bilen Baku özara dawalar boýunça belli bir ylalaşyga gelen ýagdaýynda-da Eýran, Orsýet we Gazagystan gaz geçirijisiniň gurluşygyna garşy çykmaga hakly. Hazarýaka döwletleriň 1997-nji ýylda gol çeken ylalaşygy diňizde islendik magistral turbalarynyň birtaraplaýyn gurluşygyny gadagan edýär.

Resmi Aşgabat bolsa köpugurly energiýa syýasatynyň tarapdarydygyny nygtamagyny dowam etdirýär. Aşgabatda 4-nji maýda açylan halkara energiýa konferensiýasynda türkmen tarapy ýurduň energiýa syýasatynyň energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryna eksportynyň ugurlarynyň köptaraplaýyndygyny we halkara gaz geçirijileirniň netijeliligine gönükdirilýänligini nygtady.
XS
SM
MD
LG