Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ony biziň barymyz egnimizde göterip ýörüs. Daşyndan göräýmäge, kelleleriň bary meňzeş: iki göz, iki gulak, gaşlar, burun, agyz…Göz-gaşlaryň owadanlygy, ýüzüň reňki köp kişini özüne çekýär. Adamlar (aýratyn hem ýaş wagtynda) köplenç daşky sypata baha berip, özlerine ýan ýoldaş saýlaýarlar.

Kelläniň içi hakda welin, hiç kim pikir edenok. Adamlar kelläniň daşy boýunça biri-birinden parhlanmasa-da, kelläniň içi boýunça parhlanýarlar: bir kelle samolýot oýlap tapýar, bir kelle dertlere derman. Bir kelle kitap döredýär, ýene bir kelle ýarag… Kelleleň içinde oýun kän. Kelleleň içinde dünýe kän.

Bir gezek şeýle boldy

Öňki SSSR-iň iň soňky prezidenti M.Gorbaçýowyň üýtgedip gurmagy yglan eden ýyllarydy. Türkmenistanda-da şahsy dükanlary açmaga ýol berlipdi. Sowet soýuzynyň graždanlarynyň gözüni açyp göreni hökümet magazinleridi. Şeýle bolansoň, şahsy dükanlar açmaga ýol berildi welin, bazarlarda ötere-geçere ýol bolmady.

Ýerden ýörän boýy iki metr, ini bir metr bolan demirden kiçijik «magazinjik» ýasap, bazarlary dolduryp çykdylar. Hemmeler hökümet işlerini zyňyp, şahsy dükanjyklarynda haryt satyp başladylar. Köp adam, umuman, söwdany gowy görýär. Bir zatjyk satyp, puljagaz gazanmak, adamlary imrindirýär. Ol döwürler söwdadan gowy pul hem düşýärdi.

Aşgabadyň baý adamlary söwda dükanjygyny açsa-da, onda özleri işlemezdi, welaýatlardan iş gözläp gelýänleri işlederdiler. Şeýle bolansoň, dükanjyklaryň köpüsiniň satyjysy bäş welaýatyň adamlarydy.

Aşgabat şäherindäki «Jennet» bazarynyň günbatarynda, köçeden aňyrda myhmanhana pisint bir uly jaý bar. Ol jaýyň otaglary kireýine ýaşamaga gelýänlere berilýän eken.

Wagt günortadan geçipdi. Men şol gün bazara maşgala üçin gerek-ýarak harytlary almaga barypdym. Bir seretsem, bir ulygyz hem aglaýardy, birdenem, essinden gidýän ýaly bolup çaşýardy. Kimler onuň ýüzüni ýelpeýärdi, kimler suw içirýärdi, kim agzyna derman guýýardy. Gyk-da-baklyk. Az salymdan ol gyzy kimdir biri maşynyna mündürip, doktora alyp gitdi. (Belki, bu wakany şol döwrüň adamlaryndan köp kişi eşidendir).

Men ondan-mundan näme bolanyny soradym. Soňra gürrüň berişlerine görä, aglaýan gyzyň gapdalynda işleýän jorasy bazaryň günbatar gabadyndaky jaýda özüniň bir tanyş gyzynyň ýaşaýandygyny aýdyp, şonuňka gidipdir, onuň bilen gürrüňi bar eken. Giden gyz iki sagat geçse-de, yzyna gelmändir. Bir özüne iş kyn düşen gyz jorasyny çagyrmak üçin onuň yzyndan gidipdir. Jorasynyň aýdyp giden salgy boýunça barmaly gapysyny kakypdyr. Gapyny açan gyzdan öz jorasynyň şu ýerik gaýdandygyny, onuň niredeligini sorapdyr. Gapyny açan gyz aşhana tarap elini uzadypdyr-da: «Hana ol ýatyr, men onuň budundan bir azajyk alyp gowrup durun, geç, otur, häzir ol bişer, senem iýip git» diýipdir. Gyz gapysy açyk aşhana tarap çala seredende, ölüp ýatan jorasyny görüp, wägirip yzyna gaýdypdyr. Soňky wakalardan biziň habarymyz ýok.

Başga bir waka

Men hukuk goraýjy edaralaryň birinde kiçiräk işgär bolup işleýärdim. Bir sapar ýaz aýlary edaramyza bir gyz gatnamagy çykardy. Ol her gün gelip, agşam öýüne KGB-niň (ol döwürler Milli howpsyzlyk komitetiniň ady şeýledi) işgärleriniň gelip, özüniň ýanyp duran çyrasyny towlap öçürip gidýändiklerinden arz edýärdi. Özüniňem bu hakda köp edara arz edendigini, ýöne hiç kimiň kömek etmeýändigini aýdyp nalaýardy.

Gyz şeýle bir owadandy. Oňa gören ýigit aşyk boljakdy. Sesi özüne çekijidi, näzikdi. Şeýle bir nalap gepleýärdi welin, oňa kömek etmezlik mümkin däldi. Ahyry ýagdaýy edaramyzyň ýolbaşçysyna aýtdym. Başlygymyz ýokarda ady agzalan edaradan kimdir biri bilen gepleşdi. Ahyr netijede biz bu gyzyň ruhy kesellileriň keselhanasynda hasapda durýandygyny, keselhanadan çykdygy şeýdip, hossarlaryna-da aýtman, öýünden gaýdyp, edaralary aýlanyp ýörýändigini anykladyk.

Syn salýaň welin, birden-ä adamyň daşky synasynda kem bolýar, birdenem içki synasynda, birdenem kellesiniň içinde. Tebigy taýdan kemli dörese, oňa adamyň çäresi ýok. Daşky synada-da, içki synada-da, kellede-de şikes bolan adamlar dünýäniň ähli ýurdunda-da bar. Kelläniň içinde kemi bolanlary iş salyşmasaň, birbada tanabam bolanok.

Gynançly hem bolsa, beýle adamlary jemgyýetçilikden aýry saklaýarlar. Öňler Aşgabatda hem ruhy kesellileriň keselhanasy bardy. Garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda ol Daşoguz welaýatyna göçürildi. Aşgabatda onuň on koýkalyk bölümi zerur hajatlar üçin saklanyp galdy.

Umuman alanyňda türkmenler, aýratyn-da obada ýaşaýanlar çagasynyň ruhy taýdan näsagrakdygyny duýsalar-da, doktora eltmeýärler. Olar köpe gürrüň bolmakdan bukulýarlar. Gyzlaryna sawçy gelmez öýdüp, ogullaryna gyz berilmez öýdüp gorkýarlar. Uzak ýyllaryň dowamynda keseliň bejerilmezligi soňy bilen aýylganç wakalaryň bolmagyna-da eltýär.

Soýuz döwründe şeýle näsaglar ýazda-güýzde, ýörite keselhana salnyp bejerilýärdi. Indi olary hiç kim keselhana salmaýar. Keselhana salmak üçin sanjymlara, dermanlara gerekli puly indi näsaglaryň hossarlary tölemeli. Alty aý bejerginiň puluny hasaplaň, ol näçä barýar! Beýle çykdajy edip, özleri çörek tapmaýan öýler dälisini bejertmeýär. Şeýle bolansoň, ruhy taýdan näsaglar goňşy bilenem, öýdäkiler bilenem, köçedäkiler bilenem kellesindäki keýpine görä ýaşaýarlar.

Garýagdy Meläýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG