Ýurduň prezidentini welaýatyň ýaşululary hem-de medisina ulgamynyň işgärleri uly şowhun-şagalaň bilen garşyladylar. Prezidentiň öňünden çykan ýaşulular bolsa Baýramaly şypahanasynyň täze binasy üçin ýurduň baştutanyna öz minnetdarlyklaryny bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar.
Bu ýerdäki dabara gatnaşmaga gelen Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bolan söhbetinde Berdimuhamedow Baýramaly şypahanasynyň Merkezi Aziýada we Ýewropada böwrek kesellerini bejermek üçin niýetlenen ýeke-täk şypahana bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça Baýramaly şypahanasynyň esasy binasynyň durky düýpli täzelendi we baş korpusyň ýanynda hersi 250 orunlyk iki korpus guruldy.
Netijede ozal 500 adama niýetlenen şypahana indi birbada 1000 adama intensiw bejergi almaga hyzmat eder. Mundan başga-da, şypahana dünýä derejesine laýyk gelýän, Germaniýada öndürilen medisina enjamlary bilen enjamlaşdyrylan.
Şypahanada halkara derejesinde raýatlar hem kabul edilip başlanar. Bu ýerde böwrek keseliniň kliniki görnüşleri bilen kesellänler hem-de ýürek-damar ulgamynyň keselinden ejir çekýänler bejergi alarlar.
Näsaglaryň boljak otaglarynda, olaryň bejergi alýan wagtlarynda rahat dynç almaklary üçin dünýä standartlaryna laýyk gelýän amatlyklar döredilen diýlip, habar berilýär.
Şypahananyň taryhy
Baýramaly şypahanasy deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde ýerleşýär. 1921-nji ýylda professor W.A.Aleksandrowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar tarapyndan bu ýeriniň klimatynyň böwrek keselli näsaglary bejermek üçin ulanylyp boljakdygy öwrenilipdir.
1929-njy ýylyň iýunynda bu ýeri klimat bilen bejerýän böwrek şypahanasy diýlip yglan edilipdir, 1933-nji ýylyň 1-nji awgustyndan bolsa ýigrimi bäş orunlyk şypahana işläp başlapdyr. 1938-nji ýylda şypahana giňeldilip, onuň orunlarynyň sany 125-e çenli artdyrylypdyr.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Baýramaly şypahanasyna Soçiden göçürilen klimatologiýa we kurortologiýa instituty getirilýär.
1964-nji ýyldan başlap, Baýramaly şypahanasynda böwrek, ýürek-damar ulgamy bilen kesellän raýatlary bejermek ýola goýulýar.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.