Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Gresiýany halas ediş planyny oňlamaga çagyrýar


Grek işçileri: “Ýurduň maliýe problemasyny döreden öňki hökümetler bolsa-da, Gresiýany bergi krizisinden çykarmak üçin düzülen halkara planynda göz öňünde tutulan berk çärelerden ejir çekjek biz” diýýärler.

Ýewropa partnýorlary we Halkara pul fondy tarapyndan berilýän 110 milliard dollarlyk kredit planynda grek hökümetinden salgytlary onlarça milliard dollar derejesinde artdyrmak, tölenýän pensiýalary aşaklatmak, aýlyk haklaryny doňdurmak talap edilýär.

Iş taşlaýyş yglan edildi

Şol sebäpden 5-nji maýda tutuş ýurtda hem döwlet hem-de hususy sektorda umumy iş taşlaýyş yglan edildi. Paýtagt Afiny we beýleki şäherlerde nirä seretseň, proteste ýygnanan adamlara gözüň düşýär. Maksat – bellenen çäreleri başa bardyrmazlyk.

“Biz bu çäreleri, bu gün bolmasa-da ertir togtadarys” diýip, proteste gelen Leta Methonioý aýtdy.

Ýurduň içinde hem daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawy kesildi.

Gresiýanyň maliýe ministri George Papakonstantinou bu berk çäreleriň adamlara gaty kyn düşjekdigini boýun alyp: “Programma gaty kyn. Ol bu plan dörän ýagdaýa jogapkär däl adamlara agyr deger” diýdi.

Ýöne onuň aýtmagyna görä, başga ýol ýok. Ýa halas ediş planyny kabul etmeli ýa-da Gresiýa batmaly.

Ýewronyň ykbaly

Germaniýada ýurduň kansleri Angela Merkel: “Ýewropanyň gelejegi howp astynda” diýip, şu gün parlamente Gresiýany halas ediş planyny oňlamaga çagyryp, ýüz tutdy.

Ýewropa Bileleşiginiň aladasy – umumy pul bolan ýewronyň ykbaly.

Ýewropa partnýorlary tarapyndan Gresiýa berilmegi göz öňünde tutulan puluň üçden bire golaýy Germaniýadan barmaly. Muňa hem adamlar: “Grekleriň eden ýalňyşlaryna biz jogapkär däl” diýip, o diýen meýil görkezenoklar.

Ikinjiden, kömek diýip kredit formasynda berilýän pullaryň islenen netijäni berjegine şübhe edilýär. Muny şu günki gün global maliýe bazarlarynda hem görmek bolýar. Ýewropa bazarlary az-kem güýjese-de, dünýäniň beýleki ýerlerinde zyýan çekilip, ýewro 1.29 dollara geldi.

Maýa goýujylar bu plan Grek krizisiniň ýewro zonasynyň Ispaniýa we Portugaliýa ýaly ykdysadyýeti gowşak beýleki ýurtlaryna ýaýramagynyň öňüni alyp bilmez diýen gorkuda.
XS
SM
MD
LG