Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa liderleri ýewro pulunyň ykbalyna alada bildirdiler


Ýewropa ýurtlarynyň liderleri Gresiýany ýiti maliýe krizisi gaplap alandan hem býujet çykdajylarynyň gysgaldylmagyna garşy protest aksiýalarynyň möwç almagyndan soň ýewro pulunyň ykbalyna alada bildirdiler.

Afinidäki protest aksiýalarda üç adam heläk boldy.

Germaniýanyň kansleri Angele Merkel: “11 ýylyň içinde ýewro häzir iň ýiti krizisi başdan geçirýär” diýdi.

Finlandiýanyň premýer-ministri Matti Wanhanen Gresiýa köpmilliardlyk kömegiň ýewrozona maliýe durnuksyzlygynyň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmezliginiň mümkindigini aýtdy.

Fransiýanyň premýer-ministri Fransua Fiýonyň sözlerine görä, häzir ýewro puly maliýe spekulýasiýasynyň obýektine öwrülipdir.
XS
SM
MD
LG