Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da howa transportunda howpsuzlyk ýene berkär


Ýakynda Nýu-Ýorkda Taýms-skwerde terakta synanyşykda güman edilýän adam Dubaýa uçjak samolýota girensoň, ABŞ howa transportunda howpsuzlyk düzgünlerini ýene-de berkider.

Hepdäniň duşenbe güni uçaryň bortunda tussag edilen Faýsal Şahzadyň ady daşary çykmaly däl graždanlaryň ýörite sanawynda bolsa-da, ol uçara münüpdir.

Mundan beýläk şol sanawa täze maglumatlaryň girizilendigi barada habarly edilenden soň awikompaniýalar başky iki sagadyň dowamynda şol sanawy barlamaly diýip, amerikan häkimiýetleri görkezme berdi. Öň bu iş üçin 24 sagat berilýärdi.
XS
SM
MD
LG