Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek hökümeti planyndan dänenok


 Premýer-ministr Papandreou halky jogapkärçilige çagyryp: “Kynçylyklara döş germek üçin ähli grekler birleşmelidir” diýdi.
Premýer-ministr Papandreou halky jogapkärçilige çagyryp: “Kynçylyklara döş germek üçin ähli grekler birleşmelidir” diýdi.

Gresiýany maliýe krizisinden çykarmak üçin düzülen planda göz öňünde tutulýan berk çärelere garşy düýn tutuş ýurtda gazaply protestler geçdi. Muňa garamzdan, grek hökümeti bu plany amala aşyrmak niýetinden dänenok.

Planyň taslamasy parlamentiň garamagyna berildi. Ol şu gün sese goýulýar. Plan aýlyk haklaryny peseltmek, halka durmuş taýdan hyzmat üçin goýberilýän serişdeleri kesmek ýaly berk çäreleri öz içine alýar.

Muny grek hökümetinden talap edenler - Gresiýa 110 milliard ýewro kredit kömegini berýän Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlar bilen Halkara pul fondy. Olar bu kreditiň berilmegini şol çärelere baglap goýdular.

Bu kanun parlamentde oňlanar diýen pikirden ugur alynýar. Sebäbi 300 orunly parlamentiň 160 orny premýer ministr Papandreounyň “Pasok” partiýasynyň elinde.

Gresiýanyň esasy kärdeşler arkalaşygy şu gün giçlik halky parlamentiň golaýynda protest geçirmäge çagyrdy. Şol sebäpden bidüzgünçilikleriň hem bolmagyna garaşylýar.

“Demonstrasiýa başga, adam öldürmek başga”

Ýurduň iň uly kärdeşler arkalaşygy ADEÝ-iň başlygynyň orunbasary Ilias Werttakos: “Düýn, çarşenbe güni, üç adamyň tragiki ýagdaýda ölenligine garamazdan, demonstrasiýalar dowam eder” diýdi.

“Işçiler özleriniň taryhy hukuklaryna garşy gönükdirilen hüjüm bilen ýüzbe-ýüz boldular. Biz bu syýasata garşy göreşimizi hökman dowam etdireris. Düýnki ýaly gödek işleriň hem öňüni almak üçin ähli mümkin çäreleri göreris. Biz hökümetiň bu syýasatyny başa bardyrmazlyk üçin güýç birikdirip, göreşmegi dowam etdiris” diýip Werttakos aýtdy.

Premýer-ministr Papandreou
Premýer-ministr Papandreou hem halky jogapkärçilige çagyryp: “Kynçylyklara döş germek üçin ähli grekler birleşmelidir” diýdi.

“Her bir raýatyň demonstrasiýa geçirmäge hukugy bar. Ýöne gazaply hereketlere hiç kimiň hukugy ýok, ylaýta-da biziň raýatlarymyzyň heläklenmegine sebäp bolýan gazaply hereketlere. Bilşiňiz ýaly, gazaply hereketler gazaply hereketlere getirýär. Demonstrasiýa başga, adam öldürmek başga” diýip, Papandreou aýtdy.

Gresiýada bidüzgüçilikleriň möwjemegi bilen umuny pul ýewronyň durnuklylygy baradaky aladalar-da artdy. Bu aladalar Ýewropanyň Merkezi bankynyň krizisde işjeň rol oýnamaga synanyşmagyna sebäp bolana meňzeýär.

Bu bank üstümizdäki hepde bahasy aşaklan-da bolsa, grek obligasiýalaryny kredit üçin girew hökmünde kabul etjekdigini bildirdi.
XS
SM
MD
LG