Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze “Genplan” Moskwa näme getirer?


Moskwanyň häkimi Lužkow Orsýetiň paýtagtynda alyp barýan işlerini – ony ajaýyp we özboluşly şähere öwürmek islegi bilen delillendirýär. Emma tankytçylar baý geçmişli Moskwanyň ajaýyp taryhy görküni ýitirip barýanlygyny alada edinýärler.


5-nji maýda Moskwanyň şäher dumasy paýtagtyň 2025-nji ýyla çenli ösüş planyny tassyklady. Bu plan Ýuriý Lužkow tarapyndan gol çekilensoň, durmuşa geçirilip başlanar.

89 ýaşly Sofýa Moskwanyň taryhy merkeziniň “Çistyýe prudy” diýen ýerinde ýaşaýar. Bu şäheriň ozalky görküni saklap galýan bölekleriniň biri. Sofýa öz ömrüniň dowamynda Moskwanyň görküniň üýtgedilmegine degişli dürli wakalara şaýat boldy. Ol häkimiýet başyndaky her bir ýolbaşçynyň özünden yz galdyrmak üçin dürli çäreleri görenligini gürrüň berýär.

Moskwanyň arhitektura taryhynyň iň aýylganç sahypalarynyň biri 1931-nji ýylda Isa pygamberiň hramy atly ybadathanasynyň ýumrulmagyndan başlandy. Ýumrulan baş ybadathananyň ýerinde 2000-nji ýylda täzesi guruldy. Emma onuň taryhy ýitginiň öwezeni dolup bilmänligini Sofýa belleýär.

Moskwanyň görküne degişli aladalanmalar soňky döwürde hasam güýçlendi. 5-nji maýda şäheriň häkimiýetleri Moskwanyň uzak möhletleýin ösüş planyny kabul etdiler.

Synçylaryň pikirne görä, täze plan şäherdäki we onuň töweregindäki taryhy binalaryň ýok edilmegine ýol açyp, häzirki infrastrukturanyň ösüşine degişli gapma-garşylyklary hasam güýçlendirer. Moskwanyň 2025-nji ýyla çenli ösüşiniň baş planynyň kabul edilmegi paýtagtdaky gurluşyk prosesiniň ýene bat almagyna getirip biler.

Moskwa şäher häkimliginiň baş planyna garşy çykyş edýänleriň biri Alekseý Klimenko täze planyň şäheriň arhitekturasyny ýok etmäge gönükdirilenligini, şol bir wagtda-da planyň şäheriň barha artýan hajatlaryny üpjün etmeýänligini belleýär.

Klimenkonyň pikirine görä, şäher häkimiýetleirniň täze plany durmuşa geçirmäge ahlak taýdan haky ýok, sebäbi dokument strategik çäreleri göz öňünde tutmaýar we şäheriň başdan geçirýän krizisinden çykmagy üçin ýol görkezmeýär.

“Teklip gowuşdy”

Moskwanyň şäher häkimligi täze planyň jikme-jik düzülenligini we paýtagtyň ýaşaýjylarynyň pikirleriniň hem hasaba alnanlygyny aýdýarlar. Moskanyň baş arhitektory Aleksandr Kazminiň sözlerine görä, geçen ýylda şäher häkimligine moskwalylardan onlarça müň teklip gowuşdy.

Emma köp synçylar baş planyň häkim Ýuriý Lužkowyň gurluşyk syýasatyny üýtgetmek uçin hiç hili çäreleri öz içine almaýanlygyna ünsi çekiýärler. Soňky 20 ýylyň dowamynda şäheriň gurluşyk çäreleri Moskwanyň taryhy mirasynyň öň görülmedik derejede ýok edilmegi bilen tapawutlandy.

Moskwanyň ösüşi boýunça baş plan transport gatnawyny kämilleşdirmek we maşynlar üçin täze duralgalary gurmak ýaly zerur çäreleri hem öz içine alýar. Emma transport meseleleri boýunça bilermen Mihail Blinkin binalary ýykyp, şäheriň görküni üýtgetmek çäreleriniň ýol gatnawyny kämilleşdirmek ýaly strategik taýdan zerur çärelerden has agdykdygyny belleýär.

Moskwanyň geljekki 15 ýylyň dowamyndaky ösüşi boýunça baş plan geçen aýda şäheriň hökümeti bilen ýurduň Jemgyýetçilik palatasynyň arasynda berk çekeleşiklere sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG