Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýew bilen işleşen 20 adam tussag edildi


Bakyýew bilen ýakyndan işleşen adamlardan 20-ä golaýynyň tussag edilendigi habar berilýär.

Gyrgyzystanyň Milli howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Keneşbek Duşebaýewiň aýtmagyna görä, olaryň hemmesine günä bildirilipdir.

Şeýle hem Gyrgyzystanyň Milli howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçysy hökümetde ýokary derejeli wezipeleri eýelän Bakyýewiň doganlaryny we ogullaryny entek tussag etmek başartmandygyny mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň beren maglumatlarynda prezident Bakyýewiň edarasynyň öňki ýolbaşçysy Oksana Malewannaýanyň tussag edilendigi habar berilýär.

Malewannaýanyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanýandygy hem maglumatda aýdylýar.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Bakyýewiň ogly Maksime we Döwlet gullugynyň öňki ýolbaşçysy Nurlan Temirbaýewe garşy halkara gözleg yglan edildi.

Maksim Bakyýewiň kezzaplykda, Temirbaýewiň bolsa beýlekileriň ömrüne we saglygyna wehim salmakda aýyplanýandyklary habar berilýär.

Häzir Belarusda baş pena tapan Bakyýewiň özi hem Bişkekdäki protestlerde heläk bolan adamlaryň ölümine dahyllylykda aýyplanyp, oňa garşy jenaýat işi gozgaldy.

Şu gün Belarusyň Içeri işler ministrligi Bakyýewiň Gyrgyzystana berilmegini sorap, özlerine hiç kimiň ýüz tutmandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG