Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Amerikan wekili gazak-gyrgyz serhediniň açylmalydygyny aýdýar


ABŞ-nyň ýokary derejeli wekili 7-nji aprelde Gyrgyzystanda amala aşyrylan hökümet agdarylşygyndan soň ýapylan gazak-gyrgyz serhediniň açylmalydygyny aýdýar.

Prezident Obamanyň daşary gatnaşyklar boýunça baş geňeşçileriniň biri Maýkl Makfaul bu meseläni Gazagystana planlaşdyrýan saparynyň barşynda gazak resmileri bilen gozgajakdygyny aýtdy.

4-nji maýda Gyrgyzystana resmi sapar bilen baran Makfaul ýurduň wagtlaýyn hökümetiniň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen duşuşdy.

Gazak-gyrgyz serhediniň ýapylmagy Gyrgyzystanyň telekeçileriniň işine päsgelçilik döredip, öň hem maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän Gyrgyzystanyň ýagdaýyny has hem ýaramazlaşdyrýar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG