Sepleriň elýeterliligi

Putiniň teklibini Ýanukowiç makullamady


Orsyetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň “Gazprom” bilen “Naftogaz Ukrainy” kompaniýalaryny birleşdirmek ideýasyny Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç goldamaýar.

Donesk oblastynda žurnalistler bilen gürrüňde Ýanukowiç Putiniň teklibini “garaşylmadyk pikir aýtma” atlandyrdy. Şol bir wagtda-da Kiýew bilen Moskwanyň eneregtika pudagyndaky hyzmatdaşlygynda wariantyň köpdügini belledi.

“Gazprom” bilen “Naftogaz Ukrainy” kompaniýalaryny birleşdirmek ideýasyny Putin Soçide Ukrainanyň hökümet başlygy Nikolaý Azarow bilen duşuşygynda öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG