Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Astrahana barýar


Gubernator Aleksandr Jilkiniň çakylygy bilen şu gün Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Astrahan oblastyna barýar.

“Interfaks- ýug” agentliginiň maglumatyna görä, Berdimuhamedow Hazaryň nebitli türkmen ýalpaklary üçin barjalaryň gurulýan ýerine-“Krasnaýa Barrikada “ zawodyna baryp görer.

Astrahanda gurlan Magtymguly Pragynyň ýadygärligine, Baky oda gül goýar.

Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem medeni hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga 2008-nji ýylda gol çekilipdi.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň söwda dolanyşygy 15 million dolar töwregi bolupdyr.

Astrahan oblastynda onlarç müň etnik türkmenler ýaşaýar.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, Astrahana saparynyň çäklerinde türkmen delegasiýasy GDA agza döwletleriň döwlet baştutanlarynyň formal däl sammitine, Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanyp, Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralara gatnaşar.
XS
SM
MD
LG