Sepleriň elýeterliligi

Orenburgda kontrabanda boýunça derňew dowam edýär


Orsýetiň Orenburg oblastynda awtomobiller üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň kontrabandasy fakty boýunça jenaýat işi gozgaldy. Bu ýerde 13 million rubllyk söwda barasynda gürrüň gidýär.

Orsýetiň prokuraturasynyň ýanyndaky Derňew komitetinde aýtmaklaryna görä, “MMB Trans” firmasy geçen ýylyň dekabrynda Tolýattiden ätiýaçlyk şaýlary Türkmenistana ugradypdyr. Gümrük gullugynyň işgärleri para alyp, şaýlary geçirmäge rugsat edipdir. Derňew dowam edýär.
XS
SM
MD
LG