Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň ogluny Interpol gözleýär


Öz ýurdunda gaplyklarda aýyplanýan Gyrgyzystanyň wezipeden çetleşdirilen prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň ogly Maksima Interpol halkara gözleg yglan etdi.

Halkara jenaýat polisiýasy guramasynyň resmi saýtyna salgylanmak bilen bu maglumaty günbatar habar agentlikleri tassykladylar.

Mundan öň Gyrgyzystanyň döwlet goragy gullugynyň öňki başlygy Nurlanbek Timirbaýewi tussag etmäge Interpoluň rugsat berendigini “Interfaks” habar beripdi. Ol ynsan ömrüne we saglygyna garşy jenaýatlarada aýyplanýar.

Gyrgyzystanyň öz içinde Kurmanbek Bakyýewiň ýakyn töwereginden 20 adam tussag astyna alyndy.
XS
SM
MD
LG