Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň DIM-i metbugat beýanatyny ýaýratdy


Türkmenistanyň DIM-niň 6-njy maýda ýaýradan metbugat beýanatynda şeýle maglumat berilýär:

“Soňky günler Halkara habar serişdeleriniň ençemesinde RWE nemes konserniniň wekillerine salgylanylýan maglumat peýda boldy. Onda “gaz satmak barada syýasy karar kabul edildigi Türkmenistan kontrakta gol çekmäge taýýar bolar” diýilýär. Bu tassyklama hakykata bap gelmeýär.

Birinjiden, Türkmenistan gaz pudagynda halkara hyzmatdyşlygyny ykdysady maksadalaýyklyk hem kommersiýa bähbitleri ötri gurnaýar.

Ikinjiden, gazyny diňe serhetde satýar.

Üçünjiden, RWE kompaniýasy bilen anyk bir turbany doldurmak üçin türkmen gazyny satyn almak baradaky mesele gozgalmady.”

Bu metbugat beýanaty soňky döwür Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýaýradan üçünji hatydyr.

Şolaryň biri “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň hasabaty bilen bagly, beýlekisi “Daýmler AG” kompaniýasynyň Türkmenistanda «Mersedes» kysymly maşynlary satyş usullary baradaky galmagal bilen bagly reaksiýalardyr.
XS
SM
MD
LG