Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda günä geçişlik yglan edildi


Düýnki geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň maslahatynda ýylyň dört aýynyň jemlerine seredildi.

Prezident öz çykyşynda ýerlerde regionlarda parlament korpusynyň işini aktiwleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem “deputatlar saýlawçylary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaly, olardan gowuşýan teklipleri, ýüzlenmeleri dykgat bilen öwrenmeli” diýdi.

Berdimuhammedow Daşoguzda boljak Ýaşulylar maslahatynyň gün tertibine döwlet üçin örän möhüm meseleleriň girizilendigini belledi.

Wise-premýer Saparlyýew ýokary okuw jaýlary üçin täze okuw kitaplarynyň türkmenistanly spesialistler tarapyndan taýýarlanýandygyny habar berdi.

Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanow Ýeňiş güni mynasibetli günä geçiş baradaky permanyň proýektini Türkmenistanyň prezidentine gowşurdy.

Permana gol çeken prezident azatlyga goýberilýänleriň baýramçylygy öz ojaklarynda garşgylamalydygyny aýtdy diýip, TDH gullugy ýazýar.
XS
SM
MD
LG