Sepleriň elýeterliligi

Ors ýaşlarynyň uruş barada bilýän zatlary köp däl


Ýekşenbe güni Moskwada Ýeňiş güni bellenilýär. Bu ýyl hem orslaryň 73 prosenti özleriniň Ýeňiş paradyna barjakdyklaryny aýdýarlar. Ýeke bu hem däl, hemişekilerden has uly tutulýan bu gezekki parada ilkinji gezek Beýik Britaniýadandyr Fransiýadan hem uruş weteranlary gelýär.

Geljek adam köp, muňa gyzyklanma bildirýän ýaşlar hem az däl. Ýaňy golaýda geçirilen bir pikir soralyşygyň görkezmegine görä, ýaşlar Orsýetiň taryhyna guwansalar-da, olaryň uruş barada bilýän zatlary köp däl.

Mysal üçin, “Ikinji Jahan urşy haçan başlandy?” diýen soraga 1941-nji ýyl däl-de, 1939-njy ýylda diýip dogry jogap berenler, ýaşlaryň diňe 22 prosenti boldy. Bu uruşda duşman tarap diýip hem käbirleri Polşa we Ukraina ýaly ýurtlary agzadylar.

Ýaşlaryň antifaşisitik hereketiniň agzasy Maksimiň aýdyşy ýaly, aşa sagçy propagandalara aldanýan ýaşlar hem az däl.

“Häzirki Orsýetiň çagalary buljum ýerde gabat gelsler, afrikaly okuwçylary kowalaýarlar. Täze mekdeplerde okaýan meniň ýaşymdaky ýaşlaryň köpüsiniň futbola gidenlerinde, nasistleriňki ýaly elini galdyryp salam berenini kän gördüm” diýip, Maksim aýdýar.

Weteranlar we ýatlamalar

Hökümet uruş barada maglumat bermek üçin köp tagalla edýär. Ors telewideniýesi Ýeňiş güni barada ençeme wideo görkezdi.

Orsýet ýaşlarynyň “Naşi” topary uruş weteranlary bilen söhbetdeşlik barada bir proýekt alyp barýar. Muny Kreml hem goldaýar. Bu toparyň agzasy Marina Zamedikowanyň aýtmagyna görä, proýektden maksat – uruş weteranlarynyň ýatlamalaryny saklamak. Proýekt şol bir wagtyň özünde-de Orsýetde urşa başgaça garaýanlara garşy gönükdirilen bir syýasy gural bolup durýar.

“Proýektiň işi weteranlaryň ýatlamalaryny saklamak. Olar gün-günden azalyp barýarlar. Günde 50 töweregi weteran aradan çykýar. Şu wagt aramyzda ýaşap ýören weteranlaryň sany 130 müň çemesi. Biz her bir weteranyň ýatlamasyny geljekki nesiller üçin saklamakçy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda taryhyň ýoýulýan ýerleri bar. Biziň maksadymyz urşy öz gözi bilen görüp, onuň ejirini çeken adamlaryň ýatlamalary bilen bu işi togtatmak” diýip, Zamedikowa aýdýar.

Bir teatr mekdebiniň direktory Sergeý Kazarnowskiý okuwçylaryna weteranlara bir açyk hat ýazdyrypdyr: “Eziz weteranlar, biz barada “olar bizi ýatlamaýarlar, hatda bizi unutmaga hem synanyşýarlar” diýip, pikir edýänligiňize düşünýäris. Ýöne sizi ýatlaýan ýeke öz egindeşleriňiz däl, sizi tutuş watan ýatlaýar. 1939-dan 1945-e çenli bolan sene hemmeleriň ýadynda” diýip hatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG