Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan Belarusdan Bakyýewi soraýar


Anna güni Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň Belarusdan Gyrgyzystana ekstradisiýa edilmegini sorap, Belarusyň hökümetine resmi talapnama gönderdi.

Penşenbe güni Gyrgyzystanyň sudunyň karary bilen, halkara Interpol gullugy Kurmanbek Bakyýewiň ogly Maksim Bakyýewi halkara gözleg sanawyna goşdy. Maksim Bakyew häzirki wagt Latwiýada diýlip çaklanylýar.

Şu ýylyň aprel aýynyň başynda häkimiýetden çetleşdirilen Kurmanbek Bakyýew gysga wagtlaýyn Gazagystana barandan soň, Belarusyň prezidenti Lukaşenkonyň rugsady bilen, Minskä gaçyp barypdy.

Gyrgyzystanyň häzirki wagtlaýyn hökümeti ony azyndan 85 adamyň ölüminde gunäli hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG