Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada dolandyryjy partiýa bolmajak ýaly görünýär


Britaniýada penşenbe güni geçirilen ähliumumy saýlawlardan soň, hiç bir partiýa ýurduň parlamentinde absolýut agdyklyk ediji orna eýe bolmadyk ýaly görünýär.

Bu saýlawlarda oppozision Konserwatiw partiýanyň umumy sesleriň sany boýunça birinji orundadygyna garamazdan, bu partiýanyň alan ses sany hem parlamentde dolandyryjy partiýa bolmaga mümkinçilik bermeýär.

Ýöne bu partiýanyň lideri Dewid Kameron ýurduň häzirki dolandyryjy partiýasy bolan Leýboristler partiýasynyň indi hökümeti düzmäge ygtyýarly däldigini aýdyp, çykyş etdi.

Penşenbe günindäki saýlawlarda Britaniýada indi 13 ýyl bäri ýurdy dolandyryp gelýän Leýboristler partiýasy sesleriň sany boýunça ikinji orna eýe boldy.
XS
SM
MD
LG