Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet deňiz garakçylaryny azatlyga goýberdi


Anna güni Orsýetiň Goranmak ministrligi mundan iki gün ozal Eden aýlagynda tussag edilen deňiz garakçylarynyň azatlyga goýberlendiklerini mälim etdi.

Bu deňiz garakçylary şu hepde Eden aýlagynda Orsýetiň bir nebit tankerini zamun alanlaryndan soň Orsýetiň ýörite güýçleriniň geçiren harby operasiýasynda ele salnypdylar.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary deňiz garakçylarynyň azatlyga goýberilmekleriniň sebäbini olary Orsýetde sud etmek üçin hiç hili halkara kanunçylyk düzgüniniň ýokdugy bilen düşündirdi.

Zamun alnan nebit tankerini we onuň ekipažyny azat azat etmek boýunça geçirilen harby operasiýada jemi 10 sany deňiz garakçysynyň ele salnandygy habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG