Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ötünç soramak - bu özboluşly borçnama!


Meşhur türkmen opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň 90 ýaşynyň dabaraly bellenmegi opera sungatyna gadyr-gymmat goýýan köp adamlary gussaly oýlara batyrdy. Şol oýlar ozaly bilen S.Nyýazowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň opera sungatynyň başyna getirilen hupbatlar bilen bagly.


Maýa Kulyýewa
Türkmenbaşynyň özi hem onuň ideologiýa gwardiýasy opera sungatyny masgaralady, onuň üstünden güldi: hamana opera sungaty zyýanlymyş, ol türkmeniň milli medeniýetine ýat sungatmyş.

Režimiň uran bu urgusynyň Maýa Kulyýewa hem opera sungaty boýunça onuň egindeşlerine nähili agyr degendligini göz öňüne getirmek kyn däl bolsa gerek.

G.Berdimuhamedow hut öz görkezmesi bilen türkmen opera sungatyna ýaňadan jan berdi, ony direltdi. Ol S.Nyýazowyň edip giden gara işleriniň başga-da ençemesi boýunça düzediş permanlaryny çykardy.

Köp işleriň golaýyna barylmaýar

Häkimiýetiň gylygy şeýle: öňki diktatoryň ýalňyşlyklaryny düzetmelimi ýa ýok – muny ýurtda diňe bir adam çözýär. Käbir işlere düzedişler girizilýär, köpüsiniň welin, golaýyna barylmaýar.

Şol golaýyna barylmaýan, gürrüňi edilmeýän meseleleriň biri - S.Nyýazowyň 20 ýyl töweregi ýurda hojaýynçylyk eden döwrüne açyk baha berilmezligidir. Maýa Kulyýewanyň ýubileýi bilen baglanyşykly şol zerurlyk ýene-de özüni görkezdi. Häkimiýetler meşhur aýdymçynyň hyzmatlaryny ykrar etdiler. Onuň ýubileýini giňden bellemäge rugsat berildi. Ony 90 ýaşy bilen prezidentiň hut özi gutlady.

Ýöne diktator S.Nyýazowyň opera sungatyny depeländigi, külüni çykarandygy, üstünden gülendigi üçin häkimiýetler ötünç soramaga özünde gaýrat tapan bolsalar, soňky hereketleriniň belli bahasy bolmazdy.

Dogrusy, öz başlygynyň ak patasy bilen opera sungatynyň başyna ala ýabylynyň gününi getiren çinownikler häzirem häkimiýetde arkaýyn işleşip ýörler. Olar diňe bir aýdymçynyň öňünde däl, opera sungatynyň beýleki ussatlarynyň önünde-de, Türkmenistanda şol sungata gadyr-gymmat goýýan müňlerçe adamyň öňünde-de ötünç soramadylar.

Ötünç soramak

Swilizlenen dünýäde (Türkmenistanam şol ýola ýykgyn edýär) öňki ýolbaşçynyň geçmişde goýberen ýalňyşlary üçin ötünç soramak giň ýaýran praktika. Şol ötünç häzirki häkimiýetleriň öňki ýalňyşlary gaýtalamazlygyna kepilanama bolýar.

Ötünç soramak - bu özboluşly borçnama! Hatda halkyň öňünde ötünç soramany halap barmaýan Orsýetde-de häzir boýun almalar ýaňlanýar. Ýakynda Putin hem Medwedew stalinçilik režimiň 1940-njy ýylda Smolenskiniň etegindäki Katyn obasynda polýak ofiserlerini ýok edip, amala aşyran jenaýatyny boýun aldylar.

Germaniýa onýyllyklaryň dowamynda nasizmiň pidalaryndan diňe bir ötünç soraman, german hökümeti şu wagta çenli dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan, ozal faşizmden jebir çekenlere kompensasiýa töläp gelýär.

Nyýazow režiminiň pidalary näçe? Ol näbelliligine galýar. Häkimiýetleriň bu meselede ötünç soranyny eşiden adam ýok. Şeýle ýagdaýda Türkmenbaşynyň kellesine gelen we onuň kömekçileri tarapyndan aňry ýany bilen amala aşyrylan gara ideýalaryň pidasy bolan adamlara kompensasiýa tölemek barada nähili gürrüň bolup biler?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG