Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaklamalardan hakykata tarap…


Türkmen hökümetiniň alyp barýan işine syn edeniňde, birnäçe soraglar örboýuna galýar. Hökümet kabul edýän käbir karalaryny we görkezmelerini halka açyk ýetirmekden saklanýar. Muňa nämeler sebäp bolýarka?

G.Berdimuhamedow prezidentlige saýlananda, diňe türkmenistanlylar däl, eýse dünýä jemgyýetçiligem ol ýurtda demokratik reformalary geçirmek üçin aýgytly ädimleri äder öýdüp garaşypdy. Emma käbir ownuk problemalara degişli kararlardyr-görkezmeler bolaýmasa, gynansak-da, döwlet tarapyndan häzire çenli geçen wagtda ýurdy düýpli galkyndyrjak hereketler edilmedi.

Prezident öz çykyşlarynda ýurtda käbir zerur syýasy özgerişleriň giriziljekdigini aýtsa-da, häzirlikçe ol beren sözünde tapylanok, onuň wadalary resmi kanuna öwrülenok. Olardan, ilkinji nobatda, köppartiýalylyk hakyndaky kanuny, Jenaýat ködeksine girizilmeli üýtgetmeleri (iň agyr jenaýat üçin jeza çäresini 15 ýyla getirmek) we jaýlary hususylaşdyrmak hakyndaky kanuny ýatlasa bolar.

Halkara guramalarynyň öňki prezident S.Nyýazow döwründe tussag edilen döwlet işgärlerini, şeýle-de 2002-nji ýylyň noýabr wakalary bilen baglanyşykly günä bildirilen toparlary, galyberse-de döwlete garşy içalyçylykda aýyplanan raýatlary azatlyga çykarmak talaplarynyň jogapsyz galdyrylmagyny-da muňa goşsa bolar.

Belki, sanaw ýagşy niýet bilen gizlenilýändir...


Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli öňki SSSR-e girýän döwletleriň birnäçesinde bendileriň günäsini geçmek hakynda kararlar kabul edildi. Şeýle kararyň bizde-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýdaky mejlisinde hökümet tarapyndan kabul edilendigini Türkmen telewideniýesi habar berdi.

Ýöne öňki kabul edilen karalardan tapawutlykda bu kararda näçe adamynyň günäsiniň geçilýändigi hakda maglumat berilmedi. Şol karar boýunça azatlyga goýberilýän adamlaryň sanawynyň ýurduň metbugatynda çap edilmänligini-de aýtmak artykmaçlyk etmez.

Tussagdan boşadylýan adamlaryň sanawyny gazetlerde çap etmek ýa-da telewideniýede we radioda atlaryny sanamak aslyýetinde hukuk taýdanam, ahlak taýdanam dogry däldir. Sebäbi, hukuk nukdaýnazaryndan, her bir graždanyň şahsyýeti kanun boýunça goralmaly. Döwletiň graždanlaryň şahsy syryny köpçülige paş etmäge haky ýokdur. Tussagdan boşan raýat kanun öňünde adaty graždanlar bilen deň tutulmaly. Tussaglar özleriniň azatlyga goýberilýänligi hakdaky maglumatyň gazetde çap edilmegini, belki, isläbem duran däldirler.

Ahlak taýdan seredeniňde-de, tussaglykdan boşan adamlaryň metbugatda atlaryny sanap, telewideniýeden we radiodan uly ile äşgär etmek, olaryň uzak aýralykdan soň hossarlary bilen duşuşýan pursatlaryny köpçülige görkezmek aýyp hem-de utanç işdir. Sebäbi olar watany gorap gelen gahrymanlar däl ahyryn. Gynansagam, tussaglykdan boşap gelýänleriň 90 %-i neşe serişdeleri bilen öz parahat milletini zäherlän adamlar.

Hökümet özüne bir ynanýarmyka?


Türkmenistan hökümeti bu gezekki tussaglykdan boşadylýanlaryň sanawyny çap etmedik bolsa-da, olaryň jemi sanynynyň ýedi müňden (7 000-den) geçendigi belli boldy. Bilermenleriň biri bu gezek günäleri geçilip, azatlyga goýberilýänleriň sanawynyň metbugatda çap edilmänliginiň sebäbini şeýle düşündirýär: hamana, Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky günä geçiş komissiýasy, ýokarda agzalan jenaýat işleri boýunça köp ýyllardan bäri türmede ýatan belli adamlar boşadylanda, olaryň atlarynyň köpçülige ýaýramagyny islänokmyş.

Bilermeniň aýtmagyna görä, aýratyn tussaglaryň ýakyn günlerde azatlyga goýberilmegi ahmal. Ol sene – 14-nji maý güni bolar diýlip, çak edilýär. Şol gün Daşoguzda geçiriljek ýaşulularyň maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň birnäçe wajyp kanunlary kabul etmegine garaşylýar. Olar Türkmenistanda köppartiýalylygy girizmek, hojalyk jaýlaryny hususylaşdyrmak baradaky kanunlar we jenaýat ködeksine giriziljek özgerişlerdir.

Bu kanunlar kabul edilen güni köp ýyllardan bäri tussaglykda oturan raýatlara «Wagtyndan öň şertli boşatmak» (WÖŞB) we «tussaglykda oturan döwrüniň ýarpysyny kesmek» (Ýarpylama) düzgünlerine görä, olaryň köpüsiniň azatlyga goýberiljekdigi aýdylýar.

Näme üçin şeýle üýtgetmeler türkmen döwleti tarapyndan gizlin edilýär? Näme üçin halka ýetirilmeli syýasy, hatda ykdysady reformalar-da ýedi gulpuň astynda saklanylýar? Belki, hökümetiň gowy işleri dogrudanam edip biljegine ynamy ýokdur? Halk beýle-de dursun, eýse hökümet özüne berin ynanýarmyka – bu häzir uly sorag.

14-nji maýda göz ýetireris


Ýöne çaklamanyň hakykata golaýlaýandygy baradaky habary Türkmenistanyň merkezi metbugat sahypalaram tassyklady. «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň 7-nji maýdaky sanlarynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň 10-njy maýda öz Dördünji çagyrylyş altynjy mejlisini geçirýänligi» hakda habar çap edildi. Bu habara salgylansak, onda Türkmenistanyň Mejlisiniň öz 10-njy maýdaky nobatdaky ýygnagynda agzalan kanunlar boýunça karar kabul etmegine garaşsa bolar. Ýuridiki kanun esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kanunyny Türkmenistanyň prezidenti gol çekip, tassyklaýar. Diňe şondan soň kanun güýje girýär. Diýmek, bilermeniň aýdyşy ýaly, prezidentiň 14-nji maýda şol kanunlara gol çekip, tassyklamagy we olaryň şondan soň, dogrudanam, durmuşa geçirilmegi mümkin.

Eger-de ýaşulularyň şol maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan kanunlara gol çekmese, netijede ýurtda köppartiýalylyk girizilmese, käbir örän zerur ykdysady reformalaryň başy başlanmasa, iň bärkisi uzak ýyllaryň dowamynda tussaglykda oturan bendiler-de azatlyga goýberilmese, onda prezidentiň ýurduň içinde-de, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde-de syýasy abraýy gara şaýa geler. Şol waka Türkmenistanda ikinji Nyýazowyň dörändigini hem-de Türkmenistanyň gaýtadan totalitar garaňkylyga çümýändigini subut eder. Bu agyr synagyň ýurdumyzyň, halkymyzyň depesinden ikilenç injekdigine ýa-da inmejekdigine biz örän basym, ýagny 14-nji maýda ymykly göz ýetireris.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG