Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ukrain kärdeşi bilen duşuşdy


Şenbe güni Moskwada GDA döwletleriniň resmi bolmadyk sammitiniň önýanynda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Ukrainanyň prezidenti Ýanukowiç bilen gepleşik geçirdi.

Bu duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň perspektiwalary barada gürrüň etdiler.

Onda ýangyç-energetika we söwda-ykdysady pudaklardaky hyzmatdaşlyklar bilen bir hatarda, gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklary ýokarlandyrmak barada-da gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG