Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl bilen Palestina gytaklaýyn gepleşiklere başlady


Ýekşenbe güni Palestin hökümetiniň araçyl wekili Saeb Erakat Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda göni bolmadyk gepleşikleriň başlanandygyny yglan etdi.

Öz gezeginde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu hem şu gün irden eden çykyşynda taraplaryň Birleşen Ştatlaryň ara durmagynda göni bolmadyk gepleşiklerden ýüzbe-ýüz gepleşiklere geçmelidiklerini nygtap çykyş etdi.

2008-nji ýylyň dekabrynda Palestinanyň Gaza Sektorynda Ysraýylyň amala aşyran harby hüjümlerinden bäri Palestina tarapy Ysraýyl bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwrüp gelipdi.
XS
SM
MD
LG